Türkmen Lideri sportuň durmuşynda eýeleýän orny barada aýtdy

  • 04.10.2021 13:37
  • 9.4k+

Sport türgenleşikleri belli bir derejede özüňi, hereket tizligiňi, erkiňi, üýtgäp durýan ýagdaýlarda bada-bat dürs çözgütleri tapmak başarnygyňy saklamaga mümkinçilik berýär. Sportuň işjeň, tiz hereketleri talap edýän görnüşleri bu häsiýetleri taplamaga ýardam berýär hem-de olary işde peýdalanmaga kömek edýär. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow TASS agentliginiň baş direktorynyň birinji orunbasary Mihail Gusmana beren eksklýuziw interwýusynda beýan etdi.

Türkmen Lideri russiýaly žurnalistiň sportuň ynsan üçin örän möhümdigine, zerurdygyna, sportuň durmuşyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyna haçan göz ýetirendigi baradaky sowalyna şeýle jogap berdi.

— Bu duýgy, elbetde, beden üçin zerurlykdan emele gelen tebigy duýgudyr. SSSR döwründe geçen çagalyk ýyllarymda ýetginjekleri sport bilen meşgullanmaga çekmek işleri oňat ýola goýlupdy. Ýadyňyza düşýän bolsa, bu ugurda dürli klublar we guramalar, mysal üçin, DOSAAF hereket edýärdi, olarda ýaşlara sportuň dürli görnüşleri boýunça tälim berilýärdi.

— Hut şu guramada hem sportuň dürli görnüşleri boýunça tälim berýärdiler. Munuň özi örän gyzykly hem-de özüne çekijidi, şoňa görä-de, men beýleki ähli ýetginjekler ýaly, özüme ýaraýan, nyşana ok atmak, erkin we nusgawy göreş, welosiped we awtomobil sporty bilen işjeň meşgullandym. Hormatly nyşanlara we beýleki sylaglara birnäçe gezek mynasyp boldum, ýetginjekleriň arasynda nusgawy göreş boýunça respublikanyň birinjiliginde öz agram derejämde 1-nji orny eýeledim. Şol bir wagtda DOSAAF guramasy tarapyndan ýetginjekleriň arasynda geçirilýän ýaryşlarda pnewmatik ýaragdan atmak boýunça bäsleşiklerde tapawutlanyp, birinji orny aldym.

Harby taýýarlyk boýunça bäsleşiklerde bolsa tüpeňden ok atmak boýunça «Türkmenistanyň çempiony» diýen derejä mynasyp boldum. Atçylyk sporty barada aýdylanda, bedewe atlanmaýan türkmeni göz öňüne getirmek kyndyr.

Men indi onlarça ýylyň dowamynda döwlet gullugynda işleýärin, şunda dynç günleri we zähmet rugsatlary ýok diýen ýalydyr. Iş günüm ir säherden başlanýar we giç agşama çenli dowam edýär. Şeýle ýagdaýda oňat beden taýýarlygyň bolmasa, netijeli işlemek, ýüze çykýan meselelere ünsüňi jemlemek mümkin däldir. Sportuň özüme gyzykly bolan birnäçe görnüşleri boýunça türgenleşiklerimi dowam etmek üçin wagt tapmaga çalyşýaryn. Şeýle türgenleşikler belli bir derejede özüňi, hereket tizligiňi, erkiňi, üýtgäp durýan ýagdaýlarda bada-bat dürs çözgütleri tapmak başarnygyňy saklamaga mümkinçilik berýär. Sportuň işjeň, tiz hereketleri talap edýän görnüşleri bu häsiýetleri taplamaga ýardam berýär hem-de olary işde peýdalanmaga kömek edýär.


19.05.2026 16:26
6.8k+

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy wezipesine täze dört ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu çözgüt Aşgabatda geçirilen hasabat-saýlaw maslahatynda biragyzdan kabul edildi we......

19.05.2026 14:50
5.1k+

Türkmenistan 42 medal bilen jiu-jitsu boýunça dünýä çempionatynda birinji orny eýeledi

Türkmenistanyň ýygyndy topary Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilen kontakt jiu-jitsu boýunça dünýä çempionatynda 42 medal gazanyp, toparlaýyn hasapda birinji ýeri eýeledi....

14.05.2026 15:38
2.4k+

Gandinagarda geçirilýän Aziýa çempionaty — 2026-da alty türkmen ştangaçysy çykyş eder

Hindistanyň Gandinagar şäherinde başlan agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty — 2026-da Türkmenistana alty sany türgen wekilçilik eder....

21.04.2026 20:58
5.8k+

Türkmen ýaşlary Rumyniýadaky erkin we grek-rim göreşi boýunça ýaryşda uly üstünlik gazandy

2026-njy ýylyň 16–19-njy apreli aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen «Konstantin Aleksandru we Ioan Popowiç» adyndaky halkara ýaryşynda türkmen türgenleri uly......