Berdimuhamedow: Türkmenistan Owganystanyň täze Hökümeti bilen hyzmatdaşlyga taýýar

  • 02.10.2021 15:58
  • 22k+

Resmi Aşgabat Owganystanyň täze Hökümeti bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge we ýurtdaky ýagdaýyň kadalaşmagy üçin ýardam etmäge taýýar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow TASS agentliginiň baş direktorynyň birinji orunbasary Mihail Gusmana beren eksklýuziw interwýusynda beýan etdi.

"Biz Türkmenistanda Owganystandaky ýagdaýlaryň ýaýbaňlanyşyna we soňky wakalara üns bilen garaýarys. Şeýle hem ýurtda Hökümet çalşygynyň umumymilli gepleşikleriň esasynda parahatçylykly ýol bilen amala aşyrylmagyna umyt bildirýäris. Öz tarapymyzdan, däp bolan dostlukly türkmen-owgan gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem berkidilmegi, bu ýurtdaky ýagdaýyň tiz wagtda kadalaşmagy we onuň durnukly durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegi üçin Owganystanyň täze Hökümeti bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygymyzy bellemek isleýärin - diýip, döwlet Baştutany belledi.

Berdimuhamedowyň şeýle hem belleýşi ýaly, Türkmenistan oňyn bitaraplyk derejesine eýerip, daşary ýurtlaryň içki işlerine goşulman, diňe parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty alyp barýar.

TmCars.info Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde eden çykyşynda hem Owganystandaky ýagdaýlar barada belläp geçendigini habar beripdi.

"Ol ýerde [Owganystanda] ýagdaýlar ýönekeý däl, emele gelýän häkimiýet institutlary we jemgyýetler diýseň ejiz. Şonuň üçin hem bu ýurtdaky ýagdaýlar düşündirilende we bahalandyrylanda ýeterlik derejede deňagramlylyk, gyradeňlik, jogapkärçilik talap edilýär. Bu hereketler sözde bolşy ýaly, hereketlerde hem saklanmaly. Owganystandaky ýagdaýlar özgerdi, olara çemeleşmeler guralanda ideologik garaýyşlar, könelip giden kineler, gorkular we ynançlar aradan aýrylmaly. Uruşlardan we dawalardan ýadan, parahat we asuda durmuşy arzuw edýän owgan halky hakynda pikir etmeli» - diýip, Prezident wideoýüzlenmesinde belledi.


03.05.2026 12:23
8.2k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

29.04.2026 15:09
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......

22.04.2026 14:43
10k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherindäki gurluşyk işlerine nägilelik bildirdi

Arkadag şäherinde geçirilen iş maslahatynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginine we......