Türkmenistanyň Prezidenti BMG-de Owganystandaky ýagdaý boýunça çykyş etdi

  • 22.09.2021 09:16
  • 29k+

Owganystandaky ýagdaýlar üýtgedi, bu ýagdaýlara ideologik garaýyşsyz, gorkusyz çemeleşmeli. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisinde görkezilen wideoýüzlenmesinde belledi diýip, TASS habar berýär.

"Ol ýerde [Owganystanda] ýagdaýlar ýönekeý däl, emele gelýän häkimiýet institutlary we jemgyýetler diýseň ejiz. Şonuň üçin hem bu ýurtdaky ýagdaýlar düşündirilende we bahalandyrylanda ýeterlik derejede deňagramlylyk, gyradeňlik, jogapkärçilik talap edilýär. Bu hereketler sözde bolşy ýaly, hereketlerde hem saklanmaly. Owganystandaky ýagdaýlar özgerdi, olara çemeleşmeler guralanda ideologik garaýyşlar, könelip giden kineler, gorkular we ynançlar aradan aýrylmaly. Uruşlardan we dawalardan ýadan, parahat we asuda durmuşy arzuw edýän owgan halky hakynda pikir etmeli» - diýip, Prezident belledi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň aýtmagyna görä, Aşgabat Owganystanyň syýasy durnuklylygyna we howpsuzlygyna, «doganlyk owgan halkynyň abadançylygyna we bitewüligine» çuňňur gyzyklanma bildirýär.

«Biz Owganystandaky ýagdaýlaryň tiz wagtda kadalaşmagy ugrunda çykyş edýäris we emele gelýän döwlet institutlarynyň owgan halkynyň bähbidine we abadançylygyna işlejekdigine umyt edýäris. Türkmenistan, öz tarapyndan, edil öňküleri ýaly, Owganystana ählitaraplaýyn ykdysady we ynsanperwer goldawyny bermegini dowam eder» - diýip, Prezident belledi.


11.05.2026 22:55
850

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......