Türkmenistanyň Hökümet agzalary çagalarydyr agtyklary bilen “Aşgabat” köpugurly topluma baryp gördüler

  • 01.10.2021 09:29
  • 19k+

30-njy sentýabrda “Aşgabat” köpugurly toplumyň düzümine girýän Söwda we dynç alyş merkezinde ýurdumyzyň Hökümet agzalary çagalary, agtyklary bilen bolup, merkezde çagalaryň we uly adamlaryň wagtlaryny gyzykly geçirmekleri üçin döredilen mümkinçilikler bilen içgin tanyşdylar. TmCars.info-nyň ozal habar berşi ýaly, bu toplum 26-njy sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açyldy.

Bu gün Aşgabat dünýäniň we sebitiň döwrebap, sazlaşykly ösýän şäherleriniň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça paýtagtymyzda innowasiýalary, iň gowy inženerçilik-tehniki işläp taýýarlamalary giňden ornaşdyrýan toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasy durmuşa geçirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, täze Söwda we dynç alyş merkeziniň binalar toplumynyň halkara derejedäki güwänamalara eýe bolandygyny bellemeli. Germaniýanyň “German Council” söwda merkezleriniň geňeşi tarapyndan bu topluma “Ýokary tehnologiýa esaslanyp gurlandygy” baradaky güwänama, Dokland,s (London) ylmy-barlag akademiýasynyň “Certificate of Excellence 2021” güwänamasyna mynasyp boldy. Şeýle hem bu merkeze Awstriýanyň “Vorarlberger” binagärçilik instituty tarapyndan “Özboluşly dizaýn” güwänamasynyň berlendigini we onuň Söwda merkezleriniň halkara geňeşiniň (ICSC) agzalygyna kabul edilendigini bellemeli.

Söwda we dynç alyş merkeziniň täzeçil tehnologiýalar, sanly ulgam arkaly gurnalan aýdym-sazly, yşykly içki suw çüwdürimleriniň sazlaşygy bu ýere gelýänleriň ruhuny göterýär. Merkeziň häzirki zamanyň ösen tejribesine esaslanýan bezeg aýratynlyklary adamlara ýakymly täsir edýär. Onda täzeçil tehnologiýalaryň ulanylmagy milli Liderimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň möçberli taslamalarda häzirki zamanyň ösen tejribesine möhüm üns berilýändigini aňladýar.

Şeýle hem Söwda we dynç alyş merkezinde islän harydyňy satyn almak, maşgala bolup dynç almak, dürli söwdalary guramak, baýramçylyk çärelerini geçirmek üçin şertler döredildi. Bu ýerde özboluşly usulda taýýarlanan milli tagamlar hödürlenilýär. Süýji tagamlary halaýanlar çaý başynyň bezegi bolan dürli süýji önümlerini satyn alyp bilerler.

Merkeziň çäginde körpeler üçin niýetlenen güýmenje mekanlary has-da özüne çekýär. Onuň düzümine körpeler hem-de uly ýaşly çagalar, maşgala bolup dynç alýanlar üçin ýörite bölümler hereket edýär. Attraksionlaryň, oýun awtomatlarynyň örän köpdürlüligi çagalaryň we ýetginjekleriň ösen islegini kanagatlandyrmaga ukyplydyr. Merkeze gelen çagalar olary uly höwes, şatlyk bilen oýnaýarlar. Toplumda oýunlar ulgamyndaky örän gyzykly hem-de özüne çekiji täze enjamlar goýlupdyr. Olar hatda uly ýaşly adamlaryň hem ünsüni özüne çekýär.

Mundan başga-da, dynç alyş we güýmenje toplumynda kinoteatr, bilýard we bouling oýnamak üçin meýdançalar ýerleşýär. Binanyň gatlarynda galyp-düşmek üçin basgançaklardan hem-de eskalatorlardan başga-da, daş-töweregi synlamaga mümkinçilik berýän adaty liftler ulanylýar.


03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.5k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.5k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
3.9k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......