Ýaponiýanyň täze premýer-ministri Fumio Kisida bolar

  • 30.09.2021 15:03
  • 3.4k+

Ýaponiýanyň häkimlik ediji Liberal-demokratik partiýasy (LDP) täze lideri saýlady, ol öňki Daşary işler ministri Fumio Kisida boldy. Jenap Kisida premýer-ministr wezipesinde Ýosihide Suganyň ornuny çalşyrar. Bu barada kommersant.ru habar berýär.

Kisida ikinji tapgyrda 427 sesden 257-sini aldy. Partiýanyň başlygy wezipesi üçin Ýaponiýanyň DIM-iň we Goranmak ministrliginiň eks-ýolbaşçysy Taro Kono hem bäsleşdi. Ol 170 ses gazandy. Şeýlelik bilen, Kisida LDP-niň täze başlygy wezipesini alar hem-de ýakyn wagtda Ýaponiýanyň täze, hasap boýunça 100-nji premýer-ministri bolar.  

Fumio Kisida 4-nji oktýabrda parlament tarapyndan resmi taýdan tassyklanylar. LDP-niň başlygynyň saýlanmagy premýer-ministr Ýosihide Suganyň ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy bilen bagly geçirilýär. Ol bu wezipäni geçen ýyl Sindzo Abeniň duýdansyz işden çykmagy sebäpli eýeledi. Sentýabr aýynda Ýosihide Suga LDP-niň başlygy wezipesi üçin saýlawlara gatnaşmajakdygyny, sebäbi koronawirusyň ýaýramagyna garşy göreş çärelerine üns bermekçidigini aýtdy. 


12.06.2026 10:04
6k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 07:42
2k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

09.06.2026 15:08
2.4k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

08.06.2026 15:17
4.1k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......