Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metr üçin 1 040 dollardan geçdi

  • 30.09.2021 15:02
  • 2.8k+

Ýewropada gazyň bahasy 29-njy sentýabrda söwdanyň dowamynda 1 müň kub metr üçin 1 000 dollardan ýokary derejede saklandy we geçen agşam 950 dollara çenli üýtgänden soň, 1 040 dollardan geçdi. Muny ICE biržasynyň maglumatlary delillendirýär diýip, TASS habar berýär.

Şeýlelikde, Niderlandlardaky TTF merkezinde noýabr fýuçersiniň bahasy 1 müň kub metr üçin 1 045 dollara çenli ýokarlandy, günüň başyndan bäri gazyň bahasynyň umumy ösüşi, takmynan, 8% boldy.
Oktýabr fýuçersiniň bahasy 1 müň kub metr üçin 1 032 dollar boldy.
28-nji sentýabrda Ýewropada söwdanyň açylyşynda taryhda ilkinji gezek gazyň bahasy 1 müň kub metr üçin 1 000 dollardan geçdi. Niderlandlardaky TTF merkezinde oktýabr fýuçersiniň bahasy ösüşini 1 müň kub metr üçin tas 1 040 dollara çenli ýokarlandyrdy, günüň başyndan bäri gazyň bahasynyň umumy ösüşi 11 göterimden geçdi.  
Şol bir wagtyň özünde, Fitch halkara reýting agentliginiň tebigy çeşmeler we çig harytlar boýunça toparynyň uly müdiri Dmitriý Marinçenko gazyň bahasy sowuk gyş we bazardaky gaz ýetmezçiligi sebäpli ösüşini dowam etdirip, rekordlary täzeläp biler diýip hasaplaýar. 


düýn 11:30
2.8k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...

27.12.2025 13:07
10k+

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry başlanar

2026-njy ýylyň başynda Hytaýyň CNPC nebitgaz korporasiýasy Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga girişer. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron neşiri habar berýär...

24.12.2025 14:12
20k+

Tebigy gazy öndürmek boýunça dünýäniň iň iri 10 ýurdunyň reýtingi düzüldi

Tebigy gaz iň möhüm energiýa serişdeleriniň biri bolmagynda galýar, gaz çykarylyşy baradaky iň täze maglumatlar bolsa global bazaryň nähili jemlenendigini görkezýär. ABŞ-nyň Energetika institutynyň "Statistical...

15.11.2025 09:34
7.4k+

Türkmen geologlary seýsmiki-gözleg işleriniň netijesinde birnäçe gurluşlary ýüze çykardylar

14-nji noýabrda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Amanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan nebiti we tebigy gazy gözlemek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy...