Netflix ilkinji gezek wideo oýunlary işläp düzüji studiýany satyn aldy

  • 30.09.2021 14:52
  • 1.8k+

Wideo oýunlaryň bazaryna çykmagy meýilleşdirýändigini mälim eden Netflix striming hyzmaty 2016-njy ýylda Oxenfree oýnuny çykaran Night School Studio oýun studiýasyny satyn alandygyny habar berdi. Bu Netflix üçin şeýle görnüşli ilkinji şertnama boldy, ýöne onuň şertleri aýan edilmeýär diýip, kommersant.ru belleýär.

Night School Studio-ny esaslandyryjylaryň biri Şon Krankel studiýanyň blogynda onuň öň anons edilen Oxenfree-niň dowamynyň we beýleki oýunlaryň üstünde işlemegi dowam etdirjekdigini habar berdi. 

Netflix Polşada, Ispaniýada we Italiýada synaglaryň çäginde Netflix abunaçylaryna Android telefonlary bilen programmanyň içinde wideo oýunlary oýnamaga mümkinçilik berýär. Synag abunasy, esasanam, “Örän geň işler” serialy boýunça iki wideo oýnuny öz içine alýar. 2019-njy ýylda “The Verge” neşiri Night School Studio-nyň bu serial boýunça ýatyrylan oýnuň üstünde işländigini habar berdi.

Night School Studio studiýasy Telltale Games bilen Disney Interactive Studios-yň öňki döredijileri Şon Krankel we Adam Haýns tarapyndan 2014-nji ýylda esaslandyryldy. Bu meşhur Oxenfree bilen Afterparty oýunlaryny çykaran garaşsyz studiýadyr. 


düýn 23:23
375

Warner Bros. Discovery $2,92 mlrd ýitgi çekdi

Warner Bros. Discovery (WBD) kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi boýunça 2,92 milliard dollar möçberinde ýitgi çekendigi barada hasabat berdi. Ýitgileriň esasy bölegi Netflix bilen şertnamany ýatyrmak......

04.03.2026 14:13
1.3k+

Garşydaşlar dil tapyşýar: Apple TV+ we Netflix seýrek ylalaşyga gol çekdiler

Apple TV+ hem Netflix kompaniýalary 6–8-nji martda Awstraliýada başlanjak Formula-1 dünýä çempionatynyň täze möwsüminiň öňüsyrasynda özara hyzmatdaşlygy yglan etdiler we awtoýaryşyň tomaşaçylarynyň hatyrasyna ilkinji gezek güýçlerini birleşdirdiler...

28.02.2026 19:26
4.8k+

$110 mlrd meseläni çözdi: Warner Bros. kompaniýasy bilen Paramount ahyr elleşdi

Warner Bros. Discovery kompaniýasy Paramount Skydance bilen bahasy 110 milliard dollara deň bolan birleşmek baradaky şertnamany baglaşdy. Bu barada Paramount kompaniýasynyň resmi saýtynda habar berilýär. Indi bu şertnama Ýewropa komissiýasynyň tassyklamagyna garaşýar...

27.02.2026 18:51
1.9k+

Netflix baha teklibini galdyryp oturman, Warner Bros. Discovery boýunça gepleşiklerden çekildi

Netflix kompaniýasy Warner Bros. Discovery ugrundaky göreşde öz teklibini ýokarlandyrmakdan ýüz öwürdi we iş ýüzünde bäsdeşlikden çykdy diýen ýaly. Bu barada Reuters agentligi habar berýär. Warner Bros. Discovery-niň direktorlar geňeşi Paramount Skydance-iň iň soňky teklibiniň has amatly diýlip ykrar edilendigini habar berdi...