Daşary ýurtlular Özbegistanda harby bilim alyp bilerler

  • 29.09.2021 18:52
  • 15k+

Özbegistanda Goranmak ministrliginiň ýokary harby bilim edaralarynda (ÝHBE) daşary döwletleriň harby kadrlaryny taýýarlamak we okatmak ulgamy ornaşdyrylýar. Prezidentiň kararyna laýyklykda, ÝHBE-de daşary ýurtly harby kadrlar bilen işlemek boýunça bölümler döredilýär diýip, uz.sputniknews.ru habar berýär.

Daşary döwletleriň harby kadrlaryny taýýarlamak baglaşylan ikitaraplaýyn halkara şertnamalaryna laýyklykda, muzdsuz, ýeňillikli, şeýle-de tölegli esasda amala aşyrylýar. Daşary ýurtly harby kadrlary okatmak üçin ÝHBE-e kabul etmegiň ýyllyk kwotasy prezident tarapyndan goşmaça kwotalaryň çäginde kesgitlenýär.

Daşary ýurtly harby kadrlar ÝHBE-de okamaga giriş synaglary bolmazdan kabul edilýär. Okuw gündizki görnüşinde özbek we rus dillerinde ýokary harby bilimiň bilim maksatnamalary boýunça amal edilýär.   

Okatmak bakalawriat, magistratura, harby we kliniki tejribe maksatnamalary hem-de beýlekiler boýunça amala aşyrylýar. Bilim alanlaryndan soň, daşary ýurtly harby kadrlara “leýtenant” harby ady we hünäri boýunça kategoriýa berilýär, kesgitlenen nusgada diplomlar we döşe dakylýan nyşanlar gowşurylýar.

Harby-lukmançylyk akademiýasynda bakalawriaty tamamlanlara “lukmançylyk gullugynyň leýtenanty” harby ady berilýär, “harby lukman” hünärini alandygy barada döwlet nusgasynda diplomlar gowşurylýar.

Dissertasiýa goran doktoranturanyň uçurymlary degişli dersler boýunça filosofiýa doktory (PhD) alymlyk derejesini alýarlar. 


19.06.2026 10:10
3.3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

03.06.2026 23:15
3.9k+

Özbegistanda hususy teatrlar we kino önümçiligi salgytlardan boşadyldy

Özbegistanda kino pudagyny we döredijilik ulgamyny goldamagyň täze çäreleri durmuşa geçirilýär. Şolaryň hatarynda hususy teatrlara, kinematografiýa pudagyna hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň ýurduň çäginde......

26.05.2026 19:02
7.5k+

Saparmyrat Atabaýew Karshi Open-2026 halkara ýaryşynyň ilkinji üçlügine girdi

Türkmen grossmeýsteri Saparmyrat Atabaýew Özbegistanda tamamlanan Karshi Open-2026 halkara küşt ýaryşynda üçünji ýeri eýeledi....