Tailand 1-nji noýabrdan syýahatçylary kabul edip başlar

  • 29.09.2021 18:51
  • 5k+

Tailandyň häkimiýetleri 1-nji noýabrdan 30-njy noýabr aralygynda koronawirusa garşy sanjym alan daşary ýurtly syýahatçylara karantin bolmazdan Bangkoka we ýurduň ýene dokuz welaýatyna girmäge rugsat bermegi meýilleşdirýärler. Bu barada Interfaks agentligine salgylanyp, Day.Az habar berýär.

Ýöne syýahatçylar üçin welaýatlaryň ähli ýerleri däl-de, diňe ýörite bellenilen “syýahatçylyk zolaklary” elýeterli bolar. Bu zolaklara Krabi we Phangnga, Çiangmaý, Huahin, Pattaýýa, Ça-Am, Buriram, Ko Paýam we beýleki ýerler degişli.

1 – 31-nji dekabrda syýahatçylar üçin özüne çekiji hasaplanýan ýene 20 welaýaty açmak meýilleşdirilýär. Bular Aýuttaýa, Çiangraý, Khon Kaýen, Lamphun we beýlekiler. 1-nji ýanwardan hökümet serhet welaýatlaryny açyp başlar.

Mundan başga-da, 1-nji oktýabrdan Krabi welaýatyndaky Klong Muang we Tub Kaýek kenarlary ýaly syýahatçylaryň eýýäm barýan sebitlerinde öň ýapyk bolan desgalar kem-kemden açylyp başlanar. 29-njy sentýabrdan has berk düzgünleriň hereket edýän “gyzyl” sebitlerinde hem çäklendirmeleriň bir bölegi aýrylar. Bu ýerde kem-kemden spa-merkezleri, kinoteatrlar, sport meýdançalary, işewür merkezler ýaly köp sanly güýmenje desgalarynyň işlemegine rugsat berler. 

Mundan başga-da, 1-nji oktýabrdan Tailanda gelýänleriň ählisi üçin hökmany karantiniň möhleti sanjym alan syýahatçylar üçin ýedi, sanjym almadyklar üçin 10 güne çenli azaldylar. 


düýn 16:40
1.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.5k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......