Usik bilen Joşuanyň arasyndaky rewanş söweşi Kiýewde geçirilip bilner

  • 29.09.2021 18:46
  • 7.4k+

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik bilen britaniýaly Entoni Joşuanyň arasyndaky rewanş söweşi 2022-nji ýylyň fewral ýa-da mart aýynda geçirilip bilner. Bu barada Usikiň promouteri Aleksandr Krasýuk metbugat konferensiýasynda aýtdy diýip, REGNUM habarlar agentligi habar berýär.

Onuň aýtmagyna görä, söweş Kiýewde “Olimpiýa” sport toplumynda bolup biler.

“Biz Ukrainada şeýle göwrümli wakalaryň geçirilmegini isleýäris. Munuň üçin şertler diýseň kän, biz şeýle mümkinçiliklerden peýdalanmak üçin elimizden gelenini ederis” – diýip, Krasýuk aýtdy.

Ýatlap geçsek, 26-njy sentýabrda Usik Londonda geçirilen 12 raundlyk söweşde emin agzalarynyň biragyzdan karar bermegi netijesinde Joşuany ýeňdi. Netijede, 34 ýaşly ukrainaly boksçy Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA Super), Bütindünýä boks guramasynyň (WBO) we Halkara boks federasiýasynyň (IBF) wersiýalary boýunça dünýä çempiony titullaryna eýe boldy.


01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......

30.05.2026 08:45
8.4k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

24.05.2026 15:33
11k+

Usik çempionlyk söweşinde kikboksçy Werhoweni nokaut etdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik kikboksçy Riko Werhoweni 11-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi we agyr agramdaky WBA, WBC we IBF çempionlyk titullaryny gorap galdy....