Messiniň ilkinji goly «Man Sitini» ýeňmäge kömek etdi, «Şerif» «Realy» utdy

  • 29.09.2021 12:10
  • 11298
Messiniň ilkinji goly «Man Sitini» ýeňmäge kömek etdi, «Şerif» «Realy» utdy

Duşenbe güni, 28-nji oktýabrda UEFA Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň ikinji duşuşyklary geçirildi.

A topar
«Park-de-Prens-de» geçirilen «Pari Sen-Žermen» bilen «Mançester Sitiniň» arasyndaky duşuşyk fransuz klubunyň peýdasyna 2:0 hasabynda tamamlandy. Gollary Idrissa Gueý we Lionel Messi geçirdi. Messi üçin bu gol parižlileriň düzüminde ilkinji pökgi boldy.
Topardaky beýleki duşuşykda «Brýugge» «RB Leýpsigi» ýeňdi. Hasap — 1:2.
«PSŽ» toparda gol tapawudy boýunça «Brýuggeden» öňe geçip, birinji orny eýeleýär.

B topar
«Liwerpul» «Dragau» stadionynda «Portuny» 1:5 hasabynda ýeňip, toparda ynamly birinji orny eýeleýär.
Gollary «Liwerpuldan» Mohammed Salah (dubl), Sadio Mane, Roberto Firmino (dubl).
Topardaky ugurdaş duşuşykda «Milan» öz meýdançasynda Madridiň «Atletikosyndan» 1:2 hasabynda ýeňildi.

C topar
Dortmundyň «Borussiýasy» öz meýdançasynda 1:0 hasabynda Lissabonyň, «Sportingi» ýeňdi.
Ugurdaş duşuşykda «Aýaks» öz meýdançasynda 2:0 hasabynda «Beşiktaşy» ýeňdi. 

D topar
Bu toparda «Şerif» myhmançylykda garaşylmadyk ýagdaýda Madridiň «Realyndan» üstün çykdy. Duşuşyk 1:2 hasabynda tamamlandy.
«Şerifiň» düzüminde Jasurbek Ýahşibaýew we Sebastýan Til tapawutlandy.
Ugurdaş duşuşykda «Şahtýor» Milanyň «Interi» bilen 0:0 hasabynda deňme-deň oýnady.
Bu toparda birinji orny 6 utuk bilen «Şerif» eýeleýär, ikinji ýerde 2 utuk toplan «Inter», soňky ýerlerde 1 utuk bilen «Real» hem-de «Şahtýor» ýerleşýär.


düýn 01:53
8120

2023-nji ýyldaky UEFA-nyň Super kubogy ugrundaky oýun Kazandan Afina geçirildi

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) 2023-nji ýylda geçiriljek UEFA-nyň Super Kubogy ugrundaky oýny Kazandan Afina geçirdi. Bu barada UEFA-nyň metbugat gullugy habar berdi diýip, TASS belleýär...

25.01.2023 13:15
12591

UEFA transfer düzgünlerini üýtgetmegi meýilleşdirýär

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) futbolçylaryň şertnamalarynyň dowamlylygyna çäklendirme girizmek isleýär. Bu barada The Times habar berdi diýip, gazeta.ru belleýär. Gurama şeýle üýtgetme barada...

24.01.2023 16:22
21345

Mbappe «PSŽ-niň» bir oýunda bäş gol geçiren ilkinji oýunçysy boldy

«Pari Sen-Žermeniň» hüjümçisi Kilian Mbappe Fransiýanyň Kubogynyň 1/16 finalynyň ýurduň altynjy diwizionyndaky topar «Pei de Kassele» garşy oýnunda bäş gol geçirdi. Şeýlelik bilen, Mbappe «PSŽ-niň» penta-trik etmegi başaran...

23.01.2023 19:33
18352

Transfermarkt oýunçylarynyň bahasy boýunça futbol klublarynyň reýtingini düzdi

Londonyň «Çelsi» klubunyň düzümi gyşky transfer penjiresindäki satyn alyşdan soň ep-esli gymmatlady. Transfermarkt portalynyň habar berşi ýaly, klubuň ähli oýunçylarynyň bahasy 1 mlrd ýewrodan geçdi. Bu barada gazeta...