Volvo elektromobil salonlarynda tebigy derini ulanmakdan ýüz öwrer

  • 28.09.2021 07:49
  • 8.4k+

Volvo kompaniýasy 2025-nji ýyla çenli salon bezeginde täze materiala geçmegi we adaty deriden hem-de emeli deriden ýüz öwürmegi meýilleşdirýändigini mälim etdi. Bu barada www.ferra.ru habar berýär.

Kompaniýanyň wekilleriniň aýtmagyna görä, deriniň ornuny tutjak material Nordico diýlip atlandyrylýar. Ol plastik çüýşelerden, çakyr dykylaryndan we Finlýandiýada hem-de Şwesiýada Volvo tarapyndan alynýan biomateriallardan öndüriler. 2025-nji ýyla çenli Volvo gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine doly geçmegi maksat edinýär.

Awtoöndüriji özüniň gelen netijesini janly tebigaty goramagyň ahlak we etiki ýörelgelerine meýilliligi hem-de atmosfera kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaltmaga ýykgyn edýänligi bilen düşündirýär. Meýilnamalara laýyklykda, 2025-nji ýyla çenli täze Volvo Cars modellerinde 25% gaýtadan işlenen we biologik çig maldan bolan materiallar ulanylar. Şol bir wagtyň özünde howanyň üýtgemegine garşy göreş strategiýasynyň çäginde kompaniýa gönüden-göni üpjün edijileriň, şol sanda material bilen üpjün edijileriň 2025-nji ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden doly peýdalanmagyny gazanmaga çalyşýar. Şeýle-de, 2030-njy ýyla çenli Volvo diňe elektrokarlary çykaryp başlar. 

Bellenilişi ýaly, bir inedördül santimetr deri ulanylmajak ilkinji Volvo Cars elektromobili C40 Recharge elektrik kupe-krossoweri bolar. 


29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.6k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......