“Jeýms Bond” Beýik Britaniýanyň harby-deňiz flotunyň hormatly komandory boldy

  • 28.09.2021 07:48
  • 8.3k+

Aktýor Deniel Kreýge iňlis aňtaw gullugynyň agenti Jeýms Bonduň keşbini ýerine ýetirendigi üçin Beýik Britaniýanyň harby-deňiz flotunyň hormatly komandory diýlen at berildi. Bu barada Beýik Britaniýanyň Harby-Deňiz güýçleriniň (HDG) saýtynda habar berilýär diýip, iz.ru belleýär.

Bu waka Kreýgiň bäşinji we iň soňky gezek baş keşbi ýerine ýetiren agent 007 hakynda “Ölmegiň wagty däl” (No Time To Die) atly täze filminiň uly ekranlara çykmagynyň öňüsyrasynda bolup geçdi. Filmiň relizi COVID-19 pandemiýasy sebäpli birnäçe gezek yza süýşürildi. Onuň global premýerasy 28-nji sentýabra meýilleşdirilip, Londonyň Albert-holl zalynda geçiriler. Beýik Britaniýada kinolenta prokata 30-njy sentýabrda çykar.

“Aktýor Deniel Kreýg Patyşa flotunyň hormatly serkerdebaşysy edilip bellendi, bu Jeýms Bonduň ekrandaky adyna gabat gelýär. Serkerdebaşy Kreýgiň hormatly ofiser hökmünde bellenilmegi Birleşen Korollygyň ýaragly güýçlerine berýän şahsy goldawyny ykrar edýär we ony gizlin gullugyň toslanyp tapylan britaniýaly agentiniň keşbi bilen döredilen mirasa baglanyşdyrýar” – diýlip, habarda aýdylýar.

HDG Patyşa flotunyň hormatly ofiserleriniň baý tejribä eýedigini, olaryň her biriniň harby-deňiz flotunyň gulluk edýän jemgyýeti bilen aragatnaşygyny berkitmäge özüçe goşant goşýandygyny belledi.  Aktýor şeýle ýokary wezipä bellenmegini uly hormat diýip atlandyrdy.

Şeýle-de, saýtda Jeýms Bond hakynda soňky filmi döredijileriň Patyşa floty we Beýik Britaniýanyň Goranmak ministrligi bilen ýakyndan işleşendigi bellenilýär.


16.05.2026 22:44
5.5k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.5k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......

10.05.2026 20:34
6.7k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......

29.04.2026 13:40
938

Britaniýanyň Teýt galereýasynda 1990-njy ýyllaryň sungaty we modasy barada giň gerimli sergi açylar

Britaniýanyň Teýt galareýasy  1990-njy ýyllaryň medeni dünýäsine bagyşlanan “The 90s: Art and Fashion” atly serginiň geçirilýändigini bildiriş etdi. 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabryndan 2027-nji ýylyň 14-nji......