Rustam Minnihanow Türkmenistanyň «Garaşsyzlyk» ordeni bilen sylaglanyldy

  • 27.09.2021 13:05
  • 9.9k+

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

Gi­ňişleýin düzümde geçirilýän duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin açylýan täze mümkinçilikler barada pikir alşyldy. Taraplar dürli ugurlarda özara bähbitli tagallalary birleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Tatarystan Respublikasy hyzmatdaşlygyň hem-de bilelikdäki möhüm taslamalary durmuşa geçirmegiň uly tejribesini topladylar. Bu babatda ýurdumyzyň hem-de Tatarystanyň esasy kärhanalarynyň we kompaniýalarynyň — “KAMAZ”, “Tatneft”, “Kazanskiý wertolýotnyý zawod” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleriniň we beýlekileriň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygy aýdyň mysal hökmünde görkezmek bolar.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow söwda-ykdysady ulgamy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezip, bu ulgamda netijeli gatnaşyklary ösdürmek hem-de ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak üçin uly kuwwatyň bardygyny bellediler.

Gi­ňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, Prezident Rustam Minnihanowy Türkmenistanyň “Garaşsyzlyk” ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky netijeli hyzmatdaşlygynyň nusgalyk görelde bolup durýandygyny belledi. 


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......