Türkmenistanly talyp Permdäki ýaragly ot açyşlykda 20 adamy halas etdi

  • 27.09.2021 08:58
  • 44k+

Russiýa Federasiýasynyň Perm döwlet uniwersitetiniň himiýa fakultetiniň üçünji ýylynda okaýan türkmenistanly talyp Öwezberdi Sabyrow uniwersitetde bolup geçen ýaragly ot açyşlyk wagtynda 20 adamyň janyny howpdan halas etdi.

Ýokary okuw mekdebiniň metbugat gullugynda habar bermeklerine görä, Ö.Sabyrow 20-nji sentýabrda irden uniwersitetiň birinji gatynda okuw sapagynyň başlamagyna garaşýardy. Birdenkä binada ýarag sesleri eşidildi, Öwezberdiniň gapdalyndan talyplar gorky sesi bilen ylgap geçdi. Onuň gözüniň öňünde goragçy ýaralandy.

Emma Ö.Sabyrow özüni ýitirmän, töweregindäki talyplary toplap, olary ätiýaçlyk çykalgasyna alyp barypdyr. Şeýlelikde, ol 20-den gowrak adama daşary çykmaga ýardam edipdir.

Köçä çykyp, Öwezberdi ýoldan geçip barýanlary howp barada habardar edip, polisiýa jaň edipdir.

Ýatlatsak, 20-nji sentýabrda Perm uniwersitetiniň 18 ýaşly birinji ýyl talyby Timur Bekmansurow Perm döwlet uniwersitetinde ýaragly ot açyşlyk gurapdyr. Netijede 6 adam aradan çykdy, ýene 43-si ýaralandy.


03.12.2025 10:07
11k+

Serdar Berdimuhamedow Şri-Lankanyň Prezidentine tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti Anura Kumara Dissanaýakä ýurtda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi...

02.12.2025 11:39
13k+

Türkmenistanyň Prezidenti suw joşgunlaryndan ejir çeken tailandyň halkyna medet beriji sözlerini beýan etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Tailandyň Patyşasy Maha Wajiralongkorna ýurtda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi...

06.09.2025 10:07
15k+

Serdar Berdimuhamedow Lissabonda bolup geçen pajygaly waka zerarly gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Marselo Rebelo de Souza ýurduň Lissabon şäherinde bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren pajygaly waka zerarly gynanç hatyny iberdi...

07.08.2025 13:31
10k+

Kamçatka ýertitremesinden soň ýerinden 2 metr töweregi süýşdi

Ýakynda bolan ýertitremesi netijesinde Kamçatka ýarym adasynyň günorta bölegi günorta-gündogara iki metre golaý süýşüpdir. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Geofiziki gullugynyň Kamçatka bölüminiň işgärleri habar berdi...