Britaniýaly Norris Soçide «Formula-1-iň» saýlama tapgyrynda ýeňiji boldy

  • 26.09.2021 08:59
  • 2.5k+

“Maklaren” toparynyň britaniýaly sürüjisi Lando Norris “Formula-1” ulag klasyndaky awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň 15-nji tapgyry bolan WTB Russiýanyň Gran-prisiniň saýlama tapgyrynda birinji orny eýeledi. Ýaryş Soçide geçirilýär.

Norris 1 minut 41,993 sekunt netijäni görkezdi. Britaniýaly üçin bu poul karýerasynda birinji boldy. Ikinji orny “Ferrariden” ispaniýaly Karlos Saýns (yza galyş 0,517 sekunt), üçünji orny “Uilýamsdan” britaniýaly Jorj Rassel (+0,990) eýeledi.

Soçide ýaryş 26-njy sentýabrda geçiriler we 17:00-da başlar.


29.04.2026 14:40
1.5k+

London marafony – 2026 taryhda iň köpçülikleýin marafon boldy: tas 60 müň adam gatnaşdy

2026-njy ýylyň TCS London marafony pellehana ýeten gatnaşyjylaryň sany boýunça rekord goýup, dünýäde iň köpçülikleýin marafon adyny resmi taýdan gaýtaryp aldy....

25.04.2026 15:19
1.4k+

Formula-1 toparlarynyň gymmatlyk reýtingi çap edildi: Ferrari 7 milliard dollar bilen öňde barýar

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Formula-1 toparlarynyň gymmaty birden ýokarlanmagyny dowam etdirýär we indi her bir toparyň bahasy azyndan 1 milliard dollara ýetdi. Bu baradaky maglumatlar «PlanetF1» neşiri......

24.04.2026 21:44
3.8k+

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap «Formula-1-iň» senenamasyna dolanar

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap, azyndan bäş ýyl möhlet bilen ýene-de «Formula-1» çempionatynyň senenamasyna girer. Bu barada ýurduň Prezidentiniň administrasiýasy habar berdi....

24.04.2026 07:19
3.3k+

Inçhon Gran-prisi: Günorta Koreýa Formula-1 ýaryşlaryna 5 km-lik şäher ýaryş ýoly bilen dolanýar

Günorta Koreýa Inçhon şäherinde köçe ýaryşyny guramak arkaly 2028-nji ýylda Formula-1 çempionatynyň senenamasyna dolanmagy meýilleşdirýär. Bu barada «The Korea Times» neşiri habar berýär....