Gruzilaýy küştçi "Perziniň göçümi" serialy üçin Netflix-iň üstünden arz etdi

  • 24.09.2021 14:01
  • 6.1k+

Gruziýaly küştçi Nona Gaprindaşwili "Perziniň göçümi" (The Queen’s Gambit, 2020) mini-serialyndaky bir epizod üçin Netflix kompaniýasynyň üstünden ABŞ-nyň kazyýetine arz etdi. Bu barada küştçiniň bähbitlerini goraýan Gruziýanyň BLB aklawçylyk firmasynyň hyzmatdaşy Maýa Msariaşwilä salgylanyp, TASS habar berdi.

"Biz serial çykaly bäri bu kazyýet işiniň üstünde köp işledik. Onda 1968-nji ýyl bilen bagly epizodlaryň birinde teswirçi hiç wagt erkek küştçüler bilen oýnap görmedik küştçi zenan Nona Gaprindaşwiliniň bardygy aýdylýar" diýip, Msariaşwili belleýär.

Gaprindaşwiliniň tarapdarlary onuň 1968-nji ýyla çenli Dragolýub Welimirowiç, Swetozar Gligoriç, Boris Spasski we Mihail Tal ýaly 50-den gowrak erkek küştçi bilen oýnandygyny öňe sürýärler.

Gaprindaşwili Netflix-iň rus küştçisi diýip atlandyryp, ony hasam kemsidendigini nygtaýar. Ol öwezini dolmak üçin kompaniýadan 5 million dollar, şeýle hem serialdaky özüniň erkek küştçüler bilen oýnamandygy hakyndaky setiriň inkär edilmegini talap edýär.

Belläp geçsek, Gaprindaşwili 1941-nji ýylyň 3-nji maýynda Gruziýanyň Zugdidi şäherinde dünýä indi. Ol ilkinji gezek 1962-nji ýylda dünýä çempiony diýen ada eýe boldy, soň ýene dört gezek - 1965, 1969, 1972 we 1975-nji ýyllarda dünýäniň iň gowy küştçüsi boldy. Ol Bütindünýä küşt olimpiadalarynyň on bir gezek ýeňijisi, SSSR-iň hem bäş gezek çempionydyr. 1982-nji ýylda bolsa ol "Küşt Oskary" baýragyna mynasyp boldy.


28.01.2026 15:02
990

Tbilisiniň Ýunus Emre adyndaky institutynda Bütindünýä türki diller maşgalasynyň güni bellenildi

2026-njy ýylyň 27-nji ýanwarynda Tbilisi şäherinde Bütindünýä türki diller maşgalasynyň gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Duşuşyk Ýunus Emre adyndaky institutyň binasynda boldy. Çärä Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Gazagystanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem işgärleri gatnaşdy...

24.12.2024 00:19
3.7k+

Arheologlar Gruziýada ýüzi syrly nyşanly gadymy tagtajygy tapdylar

Gürjüstanda arheologlar ýüzi näbelli hatly gadymy daş tagtajygyny tapdylar. Bazalt daşynyň ýüzüne haşamlanyp ýazylan nyşanlaryň aňladýan manysy häli-häzire çenli açylmady we gelip çykyşy syr bolmagynda galýar diýip...

23.11.2024 21:54
5.6k+

Gruziýada türkmen kinosynyň günleri geçirilýär

22-24-nji noýabrda Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy bilen Gruziýanyň kino akademiýasynyň bilelikde guramagynda Türkmen kinosynyň günleri geçirilýär. Bu barada ilçihananyň metbugat gullugy...

18.11.2024 23:51
6.1k+

11 ýaşly gruziýaly oglanjyk eje hakyndaky aýdymy bilen “Ýewrowideniýäniň” ýeňijisi boldy

Madridde “Ýewrowideniýe” aýdym bäsleşiginiň çagalar üçin wersiýasy geçirildi. Gruziýanyň wekili Andriýa Putkaradze ýylky bäsleşigiň ýeňijisi boldy diýip, 1TV teleýaýlymy habar berýär. 11 ýaşly aýdymçy “To My Mom”...