Boksçy Menni Pakýao Filippinleriň prezidentligine dalaş etmek kararyna geldi

  • 20.09.2021 19:48
  • 9.4k+

Boksçy Menni (Emmanul) Pakýao Filippinleriň prezidenti wezipesine dalaşgärligini hödürledi. 42 ýaşly Pakýaony ýurduň dolandyryjy partiýasy goldaýar diýip, CNN Philippines teleýaýlymy habar berýär. Muny iz.ru ýetirýär.

“Senator Menni Pakýao “2022-nji ýyldaky saýlawlarda prezidentlige dalaşgär hökmünde ýolbaşçylyk edýän “Fillippinleriň demokratik partiýasy – Halkyň güýji” (PDP-Laban) fraksiýasynyň teklibini resmi taýdan kabul edýär” – diýlip, teleýaýlymyň Twitterdäki habarynda aýdylýar. 

2016-njy ýyldan bäri boks boýunça öňki dünýä çempiony ýurduň senatory wezipesini eýeleýär. Filippinlerde prezident saýlawlary 2022-nji ýylda geçiriler. Ýurduň häzirki prezidenti Rodrigo Duterte Filippinleriň kanuny boýunça, döwlet baştutany wezipesine iki gezek dalaş edip bolmaýandygy üçin wise-prezident wezipesine dalaş edýär.

Menni maşgalasyny eklemek üçin 13 ýaşynda mekdebi taşlaýar. Şeýlelikde, geljekki boksçy gündiz bazarda söwda edýär, gijelerine köçe söweşlerine gatnaşýar. Onuň ejesi türgeniň ruhany bolmagyny isläpdir.

Menni Pakýao iň ýeňilden başlap, birinji orta agrama çenli sekiz agram kategoriýasynda dünýä çempiony bolan ilkinji we ýeke-täk boksçydyr. Professional karýerasynda ol 72 söweşe gatnaşyp, 62 ýeňiş (39-sy nokaut bilen) gazandy, sekiz gezek ýeňildi we iki gezek söweşi deňme-deňlikde tamamlady.


17.06.2023 14:42
26k+

Wenesuelanyň prezidenti Maduro boks boýunça hormatly dünýä çempiony boldy

Halkara boks assosiasiýasynyň (IBA) wekilleri Wenesuelanyň prezidenti Nikolas Maduro sportuň bu görnüşini ösdürendigi we türgenleri öňe iterendigi üçin hormatly dünýä çempiony guşagyny berdiler. Bu barada döwlet...

17.10.2022 10:15
15k+

Deonteý Uaýlder Taýson Fýuriden iki nokaut alandan soň birinji tutluşygynda ýeňiş gazandy

Amerikaly boksçy Deonteý Uaýlder Nýu-Ýorkda geçen tutluşygyň birinji raundynda finlýandiýaly pälwan Robert Heleniusy nokauta gidirdi. Başa-baş göreş üç minutdan hem az dowam etdi. Uaýlder üçin bu göreş britaniýaly...

düýn 09:58
6.1k+

Hytaýda dünýäniň iň uly demir ýol menzili açyldy

Hytaýyň Çunsin şäherinde meýdany boýunça dünýäde iň uly hasaplanýan Gündogar demir ýol menziliniň gurluşygy tamamlandy. Umumy meýdany 1,22 million kwadrat metr bolan bu ägirt uly toplum Hytaýyň ýokary tizlikli......

düýn 09:24
3.9k+

Hindistan sentýabryň ahyryna çenli şeker satmagy gadagan etdi

Hindistanyň hökümeti 2026-njy ýylyň 30-njy sentýabryna çenli daşary ýurtlara şeker satmagy bütinleý gadagan etdi. Bu çäklendirme dessine güýje girdi we indiki degişli buýruga çenli dowam eder....