WSJ: Instagram ýetginjeklerde psihiki bozulmalaryň döremegine sebäp bolýar

  • 21.09.2021 08:34
  • 4.4k+

Facebook kompaniýasyna degişli bolan Instagram sosial ulgamy ýetginjek gyzlarda psihiki bozulmalaryň, şol sanda anoreksiýanyň güýçlenmegine we öz janyňa kast etmek pikirleriniň döremegine sebäp bolup bilýär. “The Wall Street Journal” gazetiniň habar bermegine görä, Facebook tarapyndan geçen ýyl şeýle netijä gelindi, ýöne degişli maglumatlar neşir edilmedi diýip, TASS belleýär.

Instagram-y görmek, takmynan, 40%-i 22 ýaşa çenli adamlar bolan käbir ulanyjylarda ýeterlik derejede özüne çekiji ýa-da baý bolmandyklary üçin kem bolmak duýgusyny döredýär. “Ýetginjek gyzlaryň 32%-i daşky keşbi sebäpli negatiw duýgulary başdan geçirýän bolsa, Instagram-yň bu duýgulary hasam güýçlendirendigini habar berýär” – diýlip, kompaniýanyň içerki tanyşdyrylyşynda aýdylýar, onuň bir bölegi gazet tarapyndan getirilýär. Instagram-y görüp, özüňi beýlekiler bilen deňeşdirmek, ýaş zenanlaryň özlerine we daşky keşplerine berýän bahasyny üýtgedýär.

Tanyşdyrylyşyň maglumatlaryna görä, ýetginjekler, köplenç, howsalanyň we depressiýanyň güýçlenmegini Instagram bilen baglanyşdyrýarlar. Beýik Britaniýada ulanyjylaryň 13%-i we ABŞ-da 6%-i Instagram-y görmegiň täsiri bilen öz janlaryna kast etmek pikirleriniň dörändigini habar berdi. Aýratynam, bu täsirler ýetginjek gyzlaryň we ýaş zenanlaryň arasynda ýaýrandyr.

Gazetiň bellemegine görä, Facebook bu meselelerden habarly bolsa-da, häzire çenli olary aradan aýyrmak üçin çäre görmedi we köpçülikleýin bildirişlerde hem olaryň ähmiýetini peseltmäge çalyşýar.


13.03.2026 16:15
1.6k+

Amsterdamda Meta lenta sazlamalaryny wagtynda düzetmändigi üçin 10 mln ýewro jerime salyndy

Amsterdamyň Arza-şikaýat kazyýeti Meta kompaniýasyny öz platformalarynyň we sosial torlarynyň işine wagtynda üýtgetme girizmändigi üçin 10 million ýewro möçberinde jerime çekmäge höküm etdi. Bu karar Ýewropanyň «Sanly hyzmatlar baradaky kanunynyň» talaplaryna esaslanýar...

05.03.2026 14:43
1.7k+

Instagram baryp kazyýet işleriniň dowamynda ýetginjekleriň işjeňliginiň artandygyny hasaba alypdyr

Instagram kazyýet işleriniň dowamynda ýetginjekleriň arasyndaky işjeňligiň ösüşini ünsli yzarlap, olara ileri tutulýan auditoriýa hökmünde garapdyr. Häzirki wagtda dowam edýän kazyýet işleriniň çäginde mälim edilen täze resminamalar muňa şaýatlyk edýär...

03.03.2026 23:28
6.8k+

2026-njy ýylda dünýäde iň köp girilen 20 saýt

2026-njy ýylda global internet trafikiniň esasy bölegi henizem az sanly iri platformalarda jemlenmeginde galýar. Olar ulanyjylaryň nähili maglumat gözleýşini, wideolary görşüni, aragatnaşyk saklaýşyny we internetde söwda edişini kesgitleýär...

28.02.2026 10:20
2k+

Instagram ýetginjekleriň dürli temalardaky gözlegleri boýunça ata-enelere goldaw funksiýasyny girizmekçi

Instagram-da ýetginjekleriň özüne zeper ýetirmek ýa-da şoňa meňzeş beýleki howply ýagdaýlar bilen bagly temalar boýunça maglumatlary gözleýändikleri barada ata-enelere duýduryş berýän täze funksiýa peýda bolar...