Kiýewiň medeniýet uniwersitetinde TikTok sosial ulgamynyň fakulteti açyldy. Bu barada ýokary okuw mekdebiniň saýtynda habar berilýär diýip, TASS belleýär.
“Diňe bir Ukrainada däl, eýsem, dünýäde ilkinji gezek Medeniýet uniwersitetinde trend taslamasy – TikTok fakulteti başlandy” – diýlip, habarda aýdylýar.
Uniwersitetiň rektory Mihail Poplawskiý fakulteti açmak pikirini dünýäniň geljeginiň sosial ulgamlarda bolmagy, TikTok-yň bolsa “innowasion we ýaşlar üçindigi, onuň täze hadysadygy” bilen düşündirdi. "Meniň maksadym TikTok-y ukrainalaşdyrmak, ýurduň täze taryhyny döretjek döredijilikli, hyjuwly we geljegi uly ýaşlara ýolbaşçylyk etmekdir. Ukrainalylar tutuş dünýäde tanalmaly. Ukraina dünýäni haýran galdyryp biler” – diýip, ol taslamanyň tanyşdyrylyşynda aýtdy.
Poplawskiý bu pikiriň täzedigine garamazdan, talyplaryň okuwy gutarandan soň degişli diplomlary aljakdygyny belledi. “Biz noldan öwredip başlaýarys we siz okuwy tamamlanyňyzdan soň diplom alyp bilersiňiz. Medeniýet uniwersiteti – bu dünýäniň informasion giňişligini ýeňip geçmeli brend” – diýip, uniwersitetiň rektory aýdýar.
Okuw barada jikme-jik maglumatlar berilmeýär, ýöne uniwersitetiň saýty “geljekki tik-toker sosial ulgamlaryň tendensiýalaryny örän gowy bilmeli, original mazmunlary döredip, gyzykly bolmaly, döwür bilen aýakdaş gitmeli we hatda ondan öňe geçmeli” diýip belleýär.
Tanyşdyrylyşdan soň talyplar rektor bilen bilelikde TikTok üçin özleriniň ilkinji wideosyny düşürdiler.