Islandiýa howadaky kömürturşy gazyny tutmak üçin dünýädäki iň uly gurluşy işe girizýär

  • 19.09.2021 07:33
  • 5.1k+

Islandiýa howadan kömürturşy gazyny tutup almak boýunça dünýädäki iň uly gurluşy işe girizýär. Islandiýanyň Carbfix kompaniýasy tarapyndan Şweýsariýanyň Climeworks AG şereketi bilen bilelikde döredilen gurluş her ýyl 4 müň tonna çenli kömürturşy gazyny tutup bilýär, bu ýylda 790 töweregi awtoulagdan işlenen gazyň çykmagyna deňdir diýip, www.ng.ru habar berýär. 

Zawod kömürturşy gazyny almak üçin ýokary tehnologiýaly süzgüçler we wentilýatorlar bilen sekiz sany uly gaby öz içine alýar. Kömürturşy gazy gyzgyn suw bilen garylýar we ýeriň aşagyna iberilýär, şol ýerde ol daş jynslary bilen täsirleşip, kem-kemden gataýar. Gurluş ýakynda ýerleşdirilen geotermiki çeşmeleriň ulanylmagyndan alynýan elektrik energiýasy bilen işleýär.

Halkara energetika agentliginiň (HEA) maglumatlary boýunça, häzirki wagtda dünýäde howadaky kömürturşy gazyny göni tutmak boýunça umumy kuwwaty ýylda 9 müň tonna bolan 15 gurluş hereket edýär.
Occidental Petroleum amerikan nebit kompaniýasy häzirki wagtda her ýylda 1 mln tonna çenli kömürturşy gazyny tutup biljek iň güýçli zawody döredýär.
HEA-nyň maglumatlaryna görä, geçen ýyl global kömürturşy gaz zyňyndylary 31,5 mlrd tonna boldy.


düýn 20:50
4.7k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

düýn 13:26
1.1k+

Ýapon alymlary ýeke-täk atoma esaslanýan kwant kamerasyny döretdiler

Ýaponiýaly fizikler kwant mikroskopunyň esasy hökmünde ýeke-täk rubidiý atomyny ulanýan täze wizualizasiýa usulyny işläp düzdüler. Ýaponiýanyň Döwlet tebigy ylymlar institutynyň habar bermegine görä, «atom......

düýn 13:04
4.3k+

Fizikler altynyň «ebedi lowurdysynyň» syryny açdy we ony soldurmagyň usulyny tapdy

Altynyň ony naýbaşy şaý-sep metalyna öwürýän himiki passiwligi uzak wagtlaryň dowamynda ylym üçin syr bolup galdy. Tuleýn uniwersitetiniň (ABŞ) alymlar topary ilkinji gezek altynyň okislenmäge bolan täsin......

30.05.2026 00:14
2.1k+

Gün işjeňligi kosmos galyndylarynyň orbitadan çykmagyny çaltlaşdyrýar

Alymlar Günüň işjeňliginiň artmagynyň, atmosferanyň ýokarky gatlaklarynyň giňelmegi sebäpli, kosmos galyndylarynyň Ýeriň orbitasyndan çykmagyny çaltlaşdyrýandygy barada netijä geldiler....