Apple 2024-nji ýylda elektromobil önümçiligine başlamagy meýilleşdirýär

  • 18.09.2021 16:11
  • 8k+

Apple amerikan korporasiýasy 2024-nji ýylda hususy elektromobiliniň önümçiligine başlamak isleýär. Bu barada Apple Insider saýty we “Digitimes” gazeti habar berýär.

Iki çeşmäniň maglumatlary boýunça-da, kompaniýa Ýaponiýadan we Koreýadan üpjün edijiler hem-de öndürijiler bilen gepleşik geçirýär. Taraplar, hususan-da, käbir awtomobil bölekleriniň global ýetmezçiliginde Apple Car-yň önümçiligini nähili ýola goýmalydygyny maslahatlaşýarlar. Şeýle-de, kompaniýanyň 2024-nji ýyla çenli bir öýjükli awtomobil batareýasynyň täze dizaýnyny işläp düzjekdigi habar berilýär diýip, rbc.ru belleýär.

Fewral aýynda Bloomberg-iň çeşmeleri kompaniýanyň Hyundai Motor we Kia Motors bilen Apple Car elektromobillerini bilelikde çykarmak barada ylalaşandygyny habar berdiler, ýöne şertnama näbelli sebäp bilen ýatyryldy. CNBC teleýaýlymynyň maglumatlary boýunça, önümçilik 2024-nji ýylda Kia-nyň Jorjiýadaky zawodynda başlar diýlip çak edilipdi.

Reuters agentligi Apple-iň 2024-nji ýylda ýolagçy dolandyryjysyz awtomobili çykarmakçydygyny habar berdi. Agentligiň ýazmagyna görä, Apple hususy awtomobilini döretmäge heniz 2014-nji ýylda Titan taslamasynyň çäginde başlady.


şu gün 15:03
611

Xiaomi SU7 elektrokary bir zarýadda 1313 km ýol geçdi

Xiaomi kompaniýasynyň ýolbaşçysy Leý Szýun Xiaomi SU7 elektromobilini synagdan geçirip, Pekin — Şanhaý ugry boýunça 1313 kilometr ýol geçdi....

20.04.2026 09:01
3.1k+

Rolls-Royce örän kaşaň Nightingale elektro kabrioletinden diňe 100 sanysyny öndirer

Rolls-Royce kompaniýasy çäkli mukdarda çykaryljak Nightingale elektrik kabrioletini tanyşdyrdy. Bu model «Coachbuild» bölüminiň ilkinji resmi kolleksiýasy bolar we jemi 100 nusgada öndüriler. Täze model......

01.04.2026 16:47
3.5k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

28.03.2026 13:56
2.3k+

Sony we Honda «Afeela» elektrokaryndan ýüz öwürdiler: onuň üçin eýýäm deslapky töleglerem alnyp başlanypdy

Sony Honda Mobility bilelikdäki kärhanasy «Afeela» elektromobil taslamasynyň ýapylýandygyny yglan etdi. Bu karar Honda-nyň elektrokar ösdürmek baradaky meýilnamalaryna täzeden seretmegi bilen baglanyşyklydyr....