Opel Astra-nyň elektrikli görnüşi 2023-nji ýylda bazara çykar

  • 18.09.2021 16:00
  • 9.1k+

Germaniýanyň Opel kompaniýasy “Astra”  heçbeginiň täze nesliniň elektrikli görnüşiniň haçan çykaryljakdygyny aýtdy. Aýdylmagyna görä, awtoulagyň elektrikli görnüşi 2023-nji ýylda satuwa çykar. Onuň benzinli görnüşini bolsa eýýäm şu oktýabrda sargyt edip bolar. Bu barada insideevs.ru habar berýär.

"Astra" heçbeginiň altynjy nesli şu ýylyň iýun aýynda çykarylypdy. Onuň elektrikli görnüşiniň çykaryljak senesi baradaky anyk maglumaty welin Opel häzirlikçe özünde saklaýar. Muňa garamazdan, geljek aý alyjylar onuň diňe benzinli görnüşi bilen gibrid görnüşini alyp bilerler diýlip, habar berilýär. Elektrikli görnüşe bolsa ýene birki ýyl garaşmaly bolar.

Täze “Astra” "Peugeot 308"-iň binýadyny düzýän EMP2 modul platformasynyň iň soňky gaýtalanmagyna, ýagny interasiýasyna esaslanýar. Onda 110-dan 225 at güýjüne çenli benzin we dizel hereketlendirijileri ornaşdyrylar. Mundan başga-da, onuň iki sany gibrid görnüşiniň çykarylmagyna garaşylýar.


17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

15.06.2026 20:03
6.5k+

Opel Astra we Corsa bilen birlikde dört täzeligini mälim etdi

Opel golaýda özüniň meşhur Astra we Corsa modelleriniň täze nesillerini çykarmak meýilnamasyny resmi taýdan tassyklady. Bu modelleriň önümçiligine hytaýly hyzmatdaşlaryň çekilmegi baradaky gürrüňlere......

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......