«Perziniň göçümi» ýedi sany Emmi baýragyna mynasyp boldy

  • 18.09.2021 13:48
  • 4.7k+

Netflix-iň “Perziniň göçümi” atly meşhur serialy abraýly "Emmi" baýraklarynyň ýedi sanysyna mynasyp boldy. Bu barada vm.ru habar berdi.

Baýraklaryň gowşurylyş dabarasy ABŞ-da geçirildi. Creative Arts Emmy Awards - "Emminiň" "tehniki" görnüşi bolup durýar.  Onda baýraklar, beýleki zatlar bilen bir hatarda, kamera işine, grime, saçyň timaryna we önümçilik dizaýneriniň işine hem berilýär.

“Perziniň göçümi” - 1983-nji ýyldaky adybir romana esaslanan drama. Filmdäki wakalar XX asyryň ortalarynda bolup geçýär. Bu kiçi serialda küşt oýnamak sungatyny öwrenmäge synanyşýan Kentukki şäherinden bolan ýetim gyz Bet Harmon hakynda gürrüň berilýär. Onda baş keşbi bu film üçin “Altyn globus”, ABŞ-nyň kino aktýorlary Gildiýa we beýleki baýraklary alan meşhur aktrisa Anýa Teýlor-Joý ýerine ýetirdi.

Bu seriala tankytçylar tarapyndan ýokary baha berildi. Şeýle hem ol 2020-nji ýylyň iň gowy 5 seriýalynyň hataryna girdi. Onuň üstünligi küşt oýnunyň meşhurlygynyň has-da artmagyna sebäp boldy.

Baýraklaryň galan ýeňijileri 20-nji sentýabrda yglan ediler diýip, Newinform habar berýär.

düýn 17:04
2k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....