Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri «C5+1» duşuşygyna gatnaşdy

  • 17.09.2021 11:07
  • 4.9k+

16-njy sentýabrda «C5+1» görnüşinde Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň daşky gurşaw goramak meselelerine jogapkär edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi. TDIM-niň Metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, onda türkmen wekiliýetine Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýew ýolbaşçylyk etdi.

Bellenilişi ýaly, taraplar howanyň üýtgemegi, klimat çökgünliginiň, hususan-da, onuň azyk howpsuzlygyny, energiýa öndürijiligini üpjün etmek üçin suwuň elýeterliligine we biodürlülige ýetirýän ýaramaz täsiri bilen bagly meselelere seredip geçdiler. Parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak, Aral deňzi sebitinde ekologiýa, sosial, ykdysady we demografiýa ýagdaýy gowulandyrmak ýaly maksatlar kesgitlenildi.

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmagy kämilleşdirmek ugrunda hem-de ilatyň howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirini ýetýän bölegi üçin sosial özgertmeleri goldamak işinde bilelikdäki hereketiň wajyplygy barada bellenilip, taraplar bu maksatlara ýetmekde sebitleýin hyzmatdaşlygyň hem-de ABŞ-nyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň Hökümetleriniň hyzmatdaşlygynyň uly mümkinçiliklerini bellediler.


düýn 20:41
5.4k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

11.05.2026 22:55
850

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 23:48
6.2k+

Awtoulag öndürijiler ABŞ-dan milliardlarça dollar kompensasiýa talap edýärler

Iri awtoulag öndürijileri ABŞ-da öň tölenen gümrük salgytlary üçin takmynan 2,3 milliard dollar möçberinde kompensasiýa garaşýarlar....