Ozalky Döwlet münberi “Oguz han” köşkler toplumynyň Işewürlik merkezine öwrüler

  • 17.09.2021 17:50
  • 10k+

16-njy sentýabrda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisi tamamlanandan soňra, türkmen Lideri “Buig Batiman Internasional” fransuz kompaniýasynyň wekiliniň Aşgabadyň merkezi künjegindäki binalary döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly  görkezen taslamalary bilen tanyşdy.

Bellenilişi ýaly, Aşgabatda täze Döwlet münberiniň toplumynyň gurulmagy bilen, türkmen Lideriniň ozal beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, ozalky münberiň durkuny täzeläp, ony döwrebaplaşdyryp, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguz han” köşkler toplumynyň Işewürlik merkezine öwürmek boýunça birnäçe teklip taýýarlanyldy.

Fransuz kompaniýasynyň wekili döwlet Baştutanyna taýýarlanylan taslamalar hem-de geçirilýän degişli işler barada habar berdi. Täze Işewürlik merkezi şäheriň bu künjegindäki desgalar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirer. Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, merkeziň ähli desgalary häzirki zamanyň enjamlary, innowasiýalar, şol sanda internet tehnologiýalary, sanly ulgam bilen üpjün ediler. Bu ýerde mejlisler zaly, iş otaglary ýerleşdiriler, dürli derejeli duşuşyklary hem-de işewür gepleşikleri guramak we geçirmek üçin ähli zerur şertler dörediler.

Türkmen Lideri taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi we täze Döwlet münberiniň toplumynyň açylmagy bilen, ozalky Döwlet münberini Işewürlik merkezine öwürmek baradaky teklibiň maksadalaýykdygyny aýdyp, bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.


06.06.2026 20:16
3k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......

06.06.2026 16:07
6.9k+

Aşgabatda «Tagiýew. Nebit» filmi görkezildi

Aşgabatda Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet günleriniň çäginde «Tagiýew. Nebit» çeper filminiň ilkinji görkezilişi boldy. Kinofilm «Aşgabat» kinoteatrynda köpçülige hödürlendi we iki ýurduň arasyndaky......

06.06.2026 14:40
2.7k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....

02.06.2026 17:31
1.4k+

Aşgabatda Disney we Pixar multfilmleriniň simfoniki hitleri ýaňlanar

20-nji iýunda Aşgabadyň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň at gazanan artisti Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň «Disney&Pixar» atly konserti geçiriler....