Türkmen-özbek hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

  • 15.09.2021 23:30
  • 5.8k+

Özbegistan Respublikasynyň paýtagtynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-özbek toparynyň on altynjy mejlisi geçirildi. Oňa türkmen tarapyndan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewiň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

mfa.gov.tm saýtynda habar berlişi ýaly, özbek wekiliýetine Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, maýa goýumlar we daşary söwda ministri S.Umurzakow ýolbaşçylyk etdi. Gatnaşyjylar toparyň on bäşinji mejlisiniň kararlarynyň durmuşa geçirilişi boýunça bilelikdäki işleriň depginini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mejlisiň dowamynda söwda-ykdysady hem-de senagat ulgamyndaky özara hereketleri giňeltmegiň, energetika, ulag we üstaşyr daşamak ugurlary boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň meseleleri boýunça pikir alşyldy. Oba hojalygy, hususan-da sebitiň suw serişdelerini ulanmak ulgamyndaky hyzmatdaşlyk gepleşikleriň esasyny düzdi.

Bilelikdäki hökümetara toparyň işiniň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.


düýn 08:13
1.6k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.1k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

18.06.2026 22:09
1.4k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

18.06.2026 18:14
745

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......