Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasy açyldy

  • 15.09.2021 18:51
  • 3.5k+

14-nji sentýabrda (sişenbe güni) Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasy öz işine başlady.

Çäräniň başynda guramanyň Baş sekretary Antoniu Guterriş we BMG-niň Baş Assambleýasynyň täze baştutany, Maldiwleriň wekili Abdullah Şahid çykyş etdi. Öz çykyşynda Antoniu Guterriş dawa-jenjeli bes etmäge we koronawirusa garşy göreşe ünsi jemlemäge çagyrdy.

"Pandemiýa ýaşaýşa, durmuş şertlerine we geljege howp salmagyny dowam etdirýär. Biz birleşsek, bu kynçylyklary we bölünişikleri üýtgedip bileris. Eger öz işimiziň daşynda jem bolsak, multilateralizm ruhunyň daşyna jemlensek, onda muny amala aşyryp bileris" diýip, TASS Guterrişiň sözlerini getirýär.

Abdylla Şahid hem öz gezeginde Baş Assambleýanyň nobatdaky maslahatynda serediljek esasy mowzuklar hakynda durup geçdi.

"Men COVID-19-dan soň dünýäni dikeltmegiň çäklerinde ünsümi ählumumy sanjymlarda jemleýärin. Biz hökmany suratda sanjym boşlugyny ýapmalydyrys" diýip, diplomat aýtdy.

Şu hepde maslahatyň ilkinji mejlisleri resmi häsiýete eýe bolar. Sammite gatnaşyjylar gün tertibini we iş guramalarynyň täze düzümini tassyklarlar. 21-nji sentýabrda bolsa BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýokary derejeli hepdesi başlar. Birnäçe ýurduň ýolbaşçylary, hökümet baştutanlary we ministrleri ABŞ-a ýygnanarlar.


08.06.2026 18:54
4.1k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 18:04
5.6k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 14:18
8.1k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......