Ronaldu Çempionlar ligasyndaky oýunlarynyň sany boýunça Kasilýasyň rekordyny gaýtalady

  • 15.09.2021 18:43
  • 10k+

Angliýanyň «Mançester Ýunaýted» klubunyň portugaliýaly futbolçysy Kriştianu Ronaldu Çempionlar ligasyndaky oýunlarynyň sany boýunça rekordy gaýtalady. 

Sişenbe güni 36 ýaşly oýunçy toparlaýyn tapgyryň Şweýsariýanyň “Ýang Boýz” toparyna garşy birinji tapgyr oýnunda esasy düzümde meýdança çykdy, bu oýun onuň üçin Çempionlar ligasynda 177-nji boldy. Ronaldu 13-nji minutda hasaby açmak bilen, ýaryşda 135-nji goluny girizdi. Bu görkeziji boýunça ol ýeke-täk rekord eýesidir. Ýewropanyň esasy ýaryşynda geçiren oýunlarynyň sany boýunça ol Ispaniýanyň “Real” we Portugaliýanyň “Portu” toparynyň öňki derwezebany Iker Kasilýas bilen deňleşdi diýip, TASS belleýär.

Belläp geçsek, bu duşuşyk Şweýsariýanyň klubunyň peýdasyna 2:1 hasabynda tamamlandy. Ýeňiş goluny oýnuň ikinji ýarymynyň goşmaça bäşinji minutynda Teozon-Žordan Sibaço girizdi.

Şeýle-de, portugaliýaly oýunçy taryhda bassyr 16 möwsüm Çempionlar ligasynda gol girizen üçünji oýunçy boldy. Öň bu fransiýaly Karim Benzema we argentinaly Lionel Messä başardypdy.  

F toparçasynyň indiki oýnunda 29-njy sentýabrda “Mançester Ýunaýted” Ispaniýanyň “Wilýarreal” toparyny kabul eder. “Ýang Boýz” bolsa şol gün myhmançylykda Italiýanyň “Atalanta” topary bilen oýnar.


şu gün 10:04
3.4k+

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....

düýn 14:15
6.9k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

13.06.2026 12:21
2.8k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....

11.06.2026 23:57
4.5k+

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......