Pandemiýa garşy göreş boýunça Halkara sammit 22-nji sentýabrda geçiriler

  • 15.09.2021 12:24
  • 9.1k+

Pandemiýa garşy göreş we global sanjym meseleleri boýunça halkara sammiti geçirmek 22-nji sentýabrda meýilleşdirilýär. Bu barada Ak tamyň çakylygyna salgylanyp, The Washington Post habar berýär. Muny gazeta.ru ýetirýär.

“Sammitiň dowamynda Prezident Baýden hökümet baştutanlaryna, döwletleriň we halkara guramalaryň baştutanlaryna, haýyr-sahawat guramalarynyň, hökümete degişli bolmadyk guramalaryň we işewür guramalaryň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, COVID-19 pandemiýasyny ýok etmek boýunça tagallalary utgaşdyrar. Sammite gatnaşýanlar anyk çäreleri mälim ederler we bu maksada ýetmek üçin, şeýle hem dünýäni geljekde saglyk howpsuzlygyna abanýan howplara taýýarlamak üçin möhüm wezipeleri kesgitlärler" diýlip, habarda aýdylýar.

Ýadymyzda bolsa, mundan öň ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň ýakyn wagtda koronawirusa garşy göreş boýunça global sammit çagyrmagy meýilleşdirýändigi habar berlipdi.

Dünýä liderleriniň bu duşuşygy koronawirus pandemiýasyna garşy göreş we ählumumy sanjym meselelerine bagyşlanar. Onda beýleki mowzuklar bilen bir hatarda mätäç ýurtlara kislorod üpjünçiligi we halkara hyzmatdaşlygynyň COVID-19 bilen baglanyşykly gözleglerdäki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar.


30.05.2026 19:41
6.7k+

WP: Keniýa ABŞ-nyň Ebola keselli raýatlaryny öz çäginde bejermekden ýüz dönderdi

Keniýanyň kazyýeti Ebola ýokanjy bilen kesellän ABŞ-nyň raýatlaryny öz ýurdunyň çäginde saklamakdan we olary ýörite gurnalan meýdan gospitalynda bejermekden resmi taýdan ýüz dönderdi. Bu barada Amerikanyň......

28.05.2026 19:35
7.4k+

ABŞ Ebola ýokuşan raýatlaryny bejergi üçin Keniýa ibermek isleýär

ABŞ-nyň administrasiýasy Ebola keseline ýolugan amerikan raýatlaryny bejergi we karantin üçin Keniýa ibermek barada meýilnama taýýarlady. Bu barada The New York Times gazeti ygtybarly çeşmelere salgylanyp......

11.05.2026 23:10
3.3k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4.3k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....