Müsürde iki sany täze syýahatçylyk şäherini açmak meýilleşdirilýär

  • 15.09.2021 12:20
  • 3.5k+

Müsüriň häkimiýetleri geljek birnäçe aýda iki sany täze syýahatçylyk şäherini açmagy meýilleşdirýärler. Bu barada Müsüriň syýahatçylyk we gadymy ýadygärlikler ministri Haled al-Anani “Izwestiýa” gazetine beren interwýusynda aýtdy diýip, www.belta.by habar berýär.

“Öňümizdäki birnäçe aýyň dowamynda biz iki sany düýbünden täze syýahatçylyk şäherini açmagy meýilleşdirýäris. Bir şäher Kairden, takmynan, 100 km demirgazykda Gyzyl deňze golaý ýerleşer. Ol Al-Galýalýa diýlip atlandyrylýar. Birnäçe aýdan soň Aleksandriýa golaýda Ortaýer deňziniň kenarýakasynda Al-Alamin diýlip atlandyrylýan täze şäheri açarys” – diýip, Müsüriň Syýahatçylyk ministri aýtdy.

Ministr meşhur şypahanalardan başga-da, Müsürde köp sanly syýahatçylary kabul edýän belli syýahatçylyk şäherleriniň bardygyny ýatlap geçdi. “Mundan başga-da, biziň örän meşhur syýahatçylyk şäherlerimiz bar: Marsa-el-Alam, Taba, Nuweýba, Safaga. Bu şäherler köp sanly syýahatçylary kabul edýärler. Biz bu syýahatçylyk zolaklaryny we şäherlerini dürli usullar: arzan awialiniýalar, uçuş maksatnamalary, ýokary tizlikli ýollar, demir ýollar bilen birleşdirmegi meýilleşdirýäris. Biziň esasy maksadymyz syýahatçylara bu şäherlere birnäçe gezek baryp görmäge mümkinçilik döretmekdir” – diýip, Haled al-Anani belleýär.

Syýahatçylyk ministri ýakyn wagtda ýurda awiapetekleriň bahasynyň üýtgemejekdigini aýtdy we Müsüriň häkimiýetleriniň beýleki döwletlerden gelýän uçarlary goldamagy dowam etdirjekdigini belledi.


düýn 16:40
1.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.5k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......