Samsung geljek ýyl “Galaxy Note” smartfonlaryny täzeden öndürip başlar

  • 16.09.2021 12:11
  • 7.3k+

Samsung indiki ýyl “Galaxy Note” smartfonlarynyň önümçiligine gaýtadan başlap biler. Bu barada belli insaýder Ice Universe-ä salgylanyp, ferra.ru habar berdi.

Ýakynda Samsung smartfonlar üçin üpjünçilik zynjyrynda täze “Galaxy Note” smartfonynyň hem adyny agzady. Meşhur flagman smartfonlarynyň gaýdyp geljekdigi hakynda çaklamalaryň döremegine hem, esasan, şol sebäp boldy. Häzirki wagtda onuň ady, has dogrusy, modeliň sanly ýa-da harp görkezijisi, şeýle hem tehniki aýratynlyklary barada takyk maglumat ýok. 2022-nji ýylyň ikinji ýarymynda bu professional smartfonyň ýakyn geljek ýylyň birinji çärýeginde tanyşdyrylmagy mümkin bolan Galaxy S22 bilen deň derejede boljakdygy çaklanylýar.

“Note” tapgyrynyň iň soňky smartfony 2020-nji ýylyň awgust aýynda bazara çykan “Galaxy Note 20” boldy. “Galaxy Note 20” anons edilenden soň kän wagt geçmänkä Samsungyň bu ugry ösdürmegi dowam etdirmekden ýüz öwürip biljekdigi barada myş-myşlar peýda bolup başlapdy. Ilki bilen munuň sebäpleri hökmünde komponentleriň ýetmezçiligi, soň bolsa “Galaxy S” liniýasy bilen içerki bäsleşigiň azalmagy görkezilipdi.


düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

17.06.2026 09:59
1.2k+

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......

09.06.2026 22:05
2.1k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......