Hytaý 2022-nji ýylda BRICS sammitini kabul eder

  • 12.09.2021 08:06
  • 3.3k+

Hytaý 2022-nji ýylda XIV BRICS sammitini kabul eder. Bu barada ýurduň Prezidentiniň XIII BRICS sammitinde eden çykyşyna salgylanyp, TASS habar berdi.

XIII BRICS sammiti Hindistanyň baştutanlygynda wideokonferensiýa tertibinde geçirildi. Onda Hytaýyň ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we umumy meseleleri çözmek üçin has ýakyndan gatnaşmak babatda birleşigiň ähli ýurtlary bilen işleşmäge taýýardygy bellenildi. Sammitde Hytaýyň prezidenti Si Szinpin çykyş edip, 2022-nji ýylda sammiti Hytaýyň kabul etjekdigini mälim etdi.

"Geljek ýyl Hytaý BRICS-e başlyklyk eder we XIV BRICS sammitini kabul eder. Hytaý BRICS ýurtlary bilen ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak, umumy meseleleri çözmegiň we ajaýyp geljegi gurmagyň hatyrasyna has ýakyn we pragmatik gatnaşyklary ýola goýmak boýunça tagallalaryň birleşdiriljekdigine umyt baglaýar" -diýip, Si Szinpin öz çykyşynda aýtdy.

Şeýle hem Hytaýyň lideri BRICS ýurtlarynyň soňky 15 ýylda strategiki hyzmatdaşlygy we syýasy ynamy has-da berkidendiklerini belledi.


28.04.2026 15:24
10k+

Aşgabatda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi öz işine başlady

Şu gün Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň we Hytaýyň strategik hyzmatdaşlygynyň ägirt uly mümkinçiliklerini açyp görkezýän işewürler forumy hem-de halkara sergi öz işine başlady.......

28.04.2026 13:59
2k+

Serdar Berdimuhamedow Türkmen-hytaý işewürler forumyna gatnaşyjylary gutlady

Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň işewürler toparlarynyň gatnaşmagynda giň gerimli forum we sergi öz işine başlady. Bu ähmiýetli çäre mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar......

19.04.2026 13:14
3.6k+

Hytaýyň 80-den gowrak kompaniýasy Aşgabatdaky işewürler forumyna gatnaşar

Aşgabatda şu aýyň dowamynda geçiriljek Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine işjeň taýýarlyk görülýär. Bu barada şenbe güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Nökerguly Atagulyýew......

18.04.2026 00:06
14k+

«Galkynyş» känini özleşdirmegiň täze tapgyry müňden gowrak iş ornuny döretmäge mümkinçilik berer

«Galkynyş» känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyry ýurduň önümçilik infrastrukturasyny we eksport mümkinçiliklerini düýpli giňeltmegi göz öňünde tutýar. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň......