Belarus kenar futboly boýunça Ýewroliganyň Superfinalynda Russiýadan üstün çykdy

  • 12.09.2021 07:31
  • 3.3k+

10-njy sentýabrda Kenar futboly boýunça Ýewroliganyň Super final oýnunda Russiýanyň milli ýygyndysy Belarusyň milli ýygyndy toparyndan ýeňildi. Bu barada sport-express.ru habar berdi.

Duşuşygyň esasy wagty deňlikde - 5:5 hasabynda tamamlandy. Penaltiler seriýasynda bolsa Belarusyň milli ýygyndy toparynyň oýunçylary has takyklyk görkezip, 4:2 hasabynda ýeňiş gazandylar.
Netijede, Belarus alty utuk toplap, "B" toparçada birinji ýeri eýeledi. Russiýada bolsa üç utuk galdy.


25.07.2025 17:05
18k+

Türkmenistandan Merdan we Şöhrat Toýlyýewler "Ýüpek ýoly - 2025" halkara rallisinde ýeňiş gazandylar

22-nji iýulda Gorno-Altaýsk (RF) şäherinde «Ýüpek ýoly» halkara rallisi tamamlandy. T2 seriýaly off-road ulaglarynyň ýaryşynda umumy hasap boýunça 214 belgide çykyş eden doganlar Merdan we Şöhrat Toýlyýewler ýeňiş gazandylar...

25.07.2025 16:54
5.3k+

FIDE 10 ýaşly Şogjiýewi iň ýaş halkara ussat diýip ykrar etdi

10 ýaşly russiýaly küştçi Roman Şogjiýew resmi taýdan halkara ussat adyny aldy. Bu barada Russiýanyň Küşt federasiýasynyň metbugat gullugy habar berdi. TASS-yň maglumatlaryna görä, Şogjiýew bu tituly almak üçin zerur bolan üç düzgüniň ählisini ýerine ýetirmek bilen, iň ýaş küştçi boldy...

23.03.2025 12:11
8.1k+

Russiýaly aýal Baýkal kölünde buzuň astynda 122 metr ýüzüp, dünýä rekordyny goýdy

«Baýkalyň buzunyň astynda 2025» atly fridaýwing festiwalynda russiýaly Ýekaterina Nekrasowa uly üstünlik gazandy. Ol gidrokostýum geýmezden, Baýkal kölünde, buzuň astynda 122 metr aralyga ýüzdi. Bu netije bilen...

15.02.2025 08:42
7.3k+

Türkmen samboçylary Belarusda geçen halkara ýaryşda 13 medal aldylar

Türkmen samboçylary Minskde geçirilen Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň baýragy ugrundaky XXIX halkara ýaryşynda 13 medal gazandylar. Olaryň hasabynda - 1 altyn, 4 kümüş we 8 bürünç medal bar. Bäsleşige 9 döwletden...