Ýewropada gazyň müň kub metriniň bahasy taryhda ilkinji gezek 700 dollardan geçdi

  • 12.09.2021 07:55
  • 5k+

Niderlandlaryň TTF gaz merkezindäki noýabr gaz fýuçersleriniň bahasy taryhda ilkinji gezek 1000 kub metr üçin 700,2 dollara ýa-da megawatt/sagat üçin, takmynan, 57 ýewro ýetdi. Londonyň ICE biržasynyň söwda maglumatlaryna görä, günde 3% ösüş gazanyldy. Bu barada vedomosti.ru habar berdi.

9-njy sentýabr - penşenbe güni söwdanyň açylyşynda gazyň 1000 kub metriniň bahasy 679 dollar bolupdy. Baha günüň dowamynda 669,4 dollara çenli aşaklady, soňra bolsa täze bir rekord goýup, çalt ýokarlanmaga başlady.

Awgust aýynyň ortalarynda Gazprom Ukrainanyň üstünden üstaşyr geçmek üçin goşmaça mümkinçilikleri bron etmezlik kararyna geldi. Ýogsa "Ukrainanyň gaz geçiriji ulgam operatory" auksionda sentýabr aýynda gününe 15 million kub metre çenli tranzit kuwwatyny hödürläpdi. Şeýle-de bolsa, rus kompaniýasy teklip edilýän kuwwatyň bary-ýogy 4,3 göterimini - günde 0,65 million kub metri ýa-da bütin sentýabr aýynyň dowamynda jemi 19,5 million kub metri bron etdi.


düýn 11:30
2.8k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...

27.12.2025 13:07
10k+

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry başlanar

2026-njy ýylyň başynda Hytaýyň CNPC nebitgaz korporasiýasy Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga girişer. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron neşiri habar berýär...

24.12.2025 14:12
20k+

Tebigy gazy öndürmek boýunça dünýäniň iň iri 10 ýurdunyň reýtingi düzüldi

Tebigy gaz iň möhüm energiýa serişdeleriniň biri bolmagynda galýar, gaz çykarylyşy baradaky iň täze maglumatlar bolsa global bazaryň nähili jemlenendigini görkezýär. ABŞ-nyň Energetika institutynyň "Statistical...

15.11.2025 09:34
7.4k+

Türkmen geologlary seýsmiki-gözleg işleriniň netijesinde birnäçe gurluşlary ýüze çykardylar

14-nji noýabrda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Amanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan nebiti we tebigy gazy gözlemek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy...