Mýunhende IAA halkara awtoulag sergisi açyldy

  • 09.09.2021 00:38
  • 5.7k+

Sişenbe güni Mýunhende 69-njy IAA Mobility halkara awtoulag sergisi öz işine başlady. Esasy ugry elektrikli awtoulaglara gönükdirilen bu sergi Germaniýanyň kansleri Angela Merkel tarapyndan açyldy. Bu barada tass.ru habar berdi.

"Häzirki wagtda pandemiýa şertlerinde biz welosipedlere bolan islegiň görnetin artýandygyna şaýat bolýarys" diýip, GFR-iň hökümetiniň başlygy belledi. Şeýle diýmek bilen, ol elektrikli tigirleriň aýratyn ähmiýetini nygtady. Sergide jemi 600-e golaý kompaniýa, şol sanda ilkinji gezek 70-den gowrak welosiped öndürijisi öz önümlerini hödürleýär. Şeýle hem sergä gatnaşyjylara welosipedleri Mýunhen şäheriniň çäginde synap görmäge mümkinçilik berilýär.

Mýunhen sergisi koronawirus pandemiýasy başlanaly bäri Germaniýada geçirilen ilkinji iri çäreleriň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, Merkel bu awtoulag sergisini "umyt alamatyna" deňedi.

"Uzaga çeken pandemiýa döwri agyr geldi we häzir hem şeýle bolmagynda galýar, wirus adamlaryň ömür tanapyny kesdi we öňküsi ýaly, bizden çäklendirmeleri we kanagatlylygy talap edýär. Ykdysadyýet hem hakykatdan-da kyn günleri başdan geçirmeli boldy" diýip, Merkel belledi. Şol bir wagtyň özünde ol nemes awtoulag öndürijileriniň öz kärhanalarynda ýokançlygyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin "köp iş edendigini" nygtady.


10.05.2026 21:39
3.7k+

Porsche satuwyň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy we käbir golçur kompaniýalaryny ýapýar

Germaniýanyň Porsche awtoulag öndürijisi giň gerimli gaýtadan guramak işleriniň çäginde özüniň Porsche E-Bike Performance, Cellforce Group we Cetitec ýaly golçur kompaniýalarynyň ýapylýandygyny yglan etdi....

27.04.2026 11:35
2k+

Volkswagen ID. Unyx: nemes tehnologiýasy we hytaý dizaýny

Volkswagen kompaniýasy Hytaýyň Xpeng kompaniýasy bilen tehniki hyzmatdaşlykda döredilen ilkinji seriýaly ulagy — D. Unyx krossowerini satuwa çykardy. Hytaýly müşderileriň islegi esasynda dizaýnlaşdyrylan bu......

20.01.2026 13:20
10k+

Germaniýada benzinde işleýän Toyota we Lexus-larda hereketlendirijini uzakdan otlamak funksiýasy ýatyryldy

Germaniýada Toyota we Lexus markalarynyň mobil goşundylarynda hereketlendirijini uzak aralykdan otlamak funksiýasy öçürildi. Bu çäklendirme diňe benzin bilen işleýän awtoulaglara degişli bolup, Bild neşiriniň habaryna görä, üýtgeşme müňlerçe ulag eýesine täsir etdi...

18.12.2025 12:17
5.3k+

Volkswagen kompaniýasy 88 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek Germaniýadaky zawodyny ýapar

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijisi bolan Volkswagen kompaniýasy Drezdendäki zawodynda önümçiligi togtatmagy meýilleşdirýär diýip, "Financial Times" gazeti habar berýär. Bu kompaniýanyň 88 ýyllyk taryhynda Germaniýanyň çäginde önümçiligiň ilkinji gezek togtadylmagy bolar...