Türkmenistanda uçarlar üçin “An-2” kysymly awiabenzin öndüriler

  • 04.09.2021 18:43
  • 10k+

Häzirki wagtda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy tarapyndan “Türkmenhowaýollary” agentliginiň ýüztutmasy esasynda “An-2” kysymly uçarlar üçin daşarky bazarlardan satyn alynýan awiabenzini öndürmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugy tarapyndan bu önüme laýyklyk güwänamasy resmileşdirildi.

Şunuň bilen baglylykda, suwuklandyrylan gazdan awtomobil ýangyjy üçin ýokary oktanly goşundysyny alýan desgada benzinleriň ýokary oktanly komponenti öndürildi. Zawodlar toplumy tarapyndan ýurdumyzyň oba hojalygynda giňden ulanylýan “An-2” kysymly uçarlary milli ýangyç serişdeleri bilen doly üpjün etmek hem-de ýangyjyň bu görnüşini sebitiň ýurtlaryna eksport etmek meýilleşdirilýär.

Bular barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisiniň dowamynda wise-premýer Ş.Abdrahmanow hasabat berdi. Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz ulgamyny mundan beýläk-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän önümleriň öndürilişini artdyrmagyň zerurdygyny belledi.


26.08.2022 22:32
3.3k+

PetroChina-nyň ýarymýyllyk arassa girdejisi 1,6 esse ýokarlandy

2022-nji ýylyň birinji ýarymynda Hytaýyň iň uly nebitgaz kompaniýasy bolan PetroChina nebitiň we gazyň bahasynyň ýokarlanmagy netijesinde arassa girdejisini 1,6 esse, girdejisini 1,3 esse ýokarlandyrdy. Ýanwar...

01.11.2021 15:47
2.3k+

Saudi Aramco-nyň arassa girdejisi III çärýekde 2,6 esse ýokarlandy

Saud Arabystanynyň döwlet kompaniýasy Saudi Aramco-nyň 2021-nji ýylyň üçünji çärýeginde arassa girdejisi 30,4 mlrd dollar boldy, bu geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden 2,6 esse ýokarydyr diýip, kompaniýa...

10.08.2021 08:41
5k+

Saudi Aramco-nyň arassa girdejisi ikinji çärýekde 25,5 mlrd dollara çenli ýokarlandy

Nebiti gazyp almak we ätiýaçlyklary boýunça dünýäde iň uly kompaniýa bolan Saudi Aramco-nyň arassa girdejisi 2021-nji ýylyň ikinji çärýeginiň jemi boýunça bir ýyl ozalky 6,6 mlrd dollara garanda, 25,5 mlrd dollara...

düýn 19:42
5k+

Mask taryhda 600 mlrd dollar baýlygy bolan ilkinji adam boldy - Forbes

SpaceX kompaniýasynyň esaslandyryjysy Ilon Mask baýlygy 600 mlrd dollara ýeten taryhda ilkinji adam boldy. Oktýabrda ol ilkinji bolup 500 mlrd dollar görkezijisinden geçipdi. Neşiriň maglumatlaryna görä, Maskyň baýlygynyň ösüşiniň esasy sebäbi SpaceX kompaniýasynyň bahasynyň ep-esli ýokarlanmagy boldy...