Saudi Aramco-nyň arassa girdejisi ikinji çärýekde 25,5 mlrd dollara çenli ýokarlandy

  • 10.08.2021 08:41
  • 4.9k+

Nebiti gazyp almak we ätiýaçlyklary boýunça dünýäde iň uly kompaniýa bolan Saudi Aramco-nyň arassa girdejisi 2021-nji ýylyň ikinji çärýeginiň jemi boýunça bir ýyl ozalky 6,6 mlrd dollara garanda, 25,5 mlrd dollara barabar boldy diýlip, kompaniýanyň habarynda aýdylýar. Bu barada TASS belläp geçýär. Şeýlelik bilen, görkeziji 3,9 esse ýokarlandy.

Kompaniýa girdejiniň ösüşini dünýä ýagdaýynyň gowulaşmagy, nebite bolan islegiň ýokarlanmagy, koronawirusa garşy köpçülikleýin sanjym arkaly çäklendiriji çäreleriň gowşadylmagy bilen baglanyşdyrýar. Saudi Aramco-nyň diwidend mukdary ikinji çärýegiň jemi boýunça 18,8 mlrd dollar bolar.

Ýarym ýylyň içinde kompaniýa bir ýyl ozalky 23,2 mlrd dollara garanda, 47,2 mlrd dollar möçberinde arassa girdeji aldy. 

Saudi Aramco-nyň peýdalanylman duran pul akymy ýyldan ýyla üç esseden gowrak ýokarlanyp, 22,6 mlrd dollar boldy. Kompaniýanyň kapital çykdajylary ýyldan ýyla 20% ýokarlanmak bilen, optimizasiýadan soň 7,5 mlrd dollara barabar boldy.

Kompaniýada çärýegiň jemi boýunça önümçiligiň ortaça derejesi bir günde 11,7 mln barrel nebit ekwiwalenti boldy.


şu gün 08:40
1.7k+

Saud kompaniýasy $3,5 mlrd-a Pokémon Go we beýleki oýunlary satyn alýar

Niantic amerikan kompaniýasy Pokémon Go, Pikmin Bloom, Monster Hunter Now oýunlarynyň satyljakdygy baradaky maglumatlary tassyklady. Bu ylalaşyk hakykatdanam amala aşar diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Niantic şeýle...

10.05.2023 00:33
11k+

«Saudi Aramco» «Microsoft-y» gysyp çykaryp, dünýäde ikinji iň iri kompaniýa boldy

Saud Arabystanynyň «Saudi Aramco» nebit ägirdi «Microsoft-y» gysyp çykaryp, 2,11 trillion dollar bahasy bilen dünýäde ikinji orunda durýan ikinji kompaniýa boldy. «Saudi Aramco-nyň» ýokarlanmagy şazada Muhammet...

26.08.2022 22:32
3.1k+

PetroChina-nyň ýarymýyllyk arassa girdejisi 1,6 esse ýokarlandy

2022-nji ýylyň birinji ýarymynda Hytaýyň iň uly nebitgaz kompaniýasy bolan PetroChina nebitiň we gazyň bahasynyň ýokarlanmagy netijesinde arassa girdejisini 1,6 esse, girdejisini 1,3 esse ýokarlandyrdy. Ýanwar...

01.11.2021 15:47
2.2k+

Saudi Aramco-nyň arassa girdejisi III çärýekde 2,6 esse ýokarlandy

Saud Arabystanynyň döwlet kompaniýasy Saudi Aramco-nyň 2021-nji ýylyň üçünji çärýeginde arassa girdejisi 30,4 mlrd dollar boldy, bu geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden 2,6 esse ýokarydyr diýip, kompaniýa...