Hytaýda maglumatlary goramak baradaky täze kanun güýje girdi

  • 04.09.2021 19:02
  • 8.5k+

Hytaý häkimiýetleri çarşenbe güni maglumatlary goramak baradaky täze kanuna laýyklykda informasion howpsuzlyk meselelerini düzgünleşdirmäge başladylar. Bu barada köpçülige ýetirilen resminamanyň tekstinde aýdylýar diýip, TASS habar berýär.

Onda tor maglumatlaryna gözegçilik etmek boýunça çäreleriň, şeýle-de informasion howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ulanylýan tehnologiýalaryň HHR-iň sosial-ykdysady ösüşine, raýatlaryň abadançylygyny ýokarlandyrmaga ýardam etmelidigi, “ahlak we jemgyýetçilik etikasynyň kadalaryna laýyk gelmelidigi” bellenilýär. Jogapkär adamlar we guramalaryň bölümçeleri indi ýüze çykan meseleler we ulgamlaýyn töwekgelçilikler barada Hytaýyň doly ygtyýarly döwlet edaralaryna yzygiderli hasabat bermeli.

“Hiç kimiň maglumatlary ogurlamak ýa-da bikanun ýygnamak bilen meşgullanmaga hukugy ýok” – diýlip, resminamada bellenilýär. Täze kanunyň bozulandygy üçin 10 müňden 10 mln ýuana çenli (1,5 müň dollardan 1,5 mln dollara çenli) möçberde jerime göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, maglumatlaryň ulanylmagy bilen bagly çäreleri görýän we Hytaýyň milli bähbitlerini kemsidýän kompaniýalar ýapylyp ýa-da täjirçilik işini ýerine ýetirmek üçin ygtyýarnamadan mahrum edilip bilner.

10-njy iýunda HHR-iň prezidenti Si Szinpin täze kanunyň 1-nji sentýabrda güýje girýändigini görkezýän permana gol çekdi. Bu hukuk resminamasynyň esasy wezipesi möhüm maglumatyň netijeli ulanylmagyny we onuň gizlinligini üpjün etmekden, bu ugurda hukuk kadalarynyň bozulmagynyň öňüni almakdan, döwlet garaşsyzlygynyň we milli howpsuzlygyň mizemezligini kepillendirmekden ybaratdyr.


şu gün 13:14
1.5k+

Hytaýyň 80-den gowrak kompaniýasy Aşgabatdaky işewürler forumyna gatnaşar

Aşgabatda şu aýyň dowamynda geçiriljek Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine işjeň taýýarlyk görülýär. Bu barada şenbe güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Nökerguly Atagulyýew......

düýn 00:06
12k+

«Galkynyş» känini özleşdirmegiň täze tapgyry müňden gowrak iş ornuny döretmäge mümkinçilik berer

«Galkynyş» känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyry ýurduň önümçilik infrastrukturasyny we eksport mümkinçiliklerini düýpli giňeltmegi göz öňünde tutýar. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň......

17.04.2026 23:49
8.9k+

Gurbanguly Berdimuhamedow we Din Sýuesýan «Galkynyş» känini özleşdirmegiň 4-nji tapgyryna badalga berdi

17-nji aprelde Mary welaýatynda «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek boýunça işlere badalga bermek dabarasy boldy. Çärä Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy......

17.04.2026 16:15
3.8k+

Türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň mejlisiniň netijeleri boýunça ylalaşyklar toplumyna gol çekildi

Aşgabatda geçirilen Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisiniň netijeleri boýunça taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen resminamalar toplumyna......