Türkmen Lideri umumy okuw sapagynda Polina Gurýewanyň Olimpiýa üstünligine ýokary baha berdi

  • 04.09.2021 07:35
  • 25k+

Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň öňünde geçiren umumy okuw sapagynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti saglygy goraýyş, sport ulgamlarynda alnyp barylýan toplumlaýyn özgertmeler barada aýdyp, türkmen türgeni Polina Gurýewanyň XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda gazanan ilkinji Olimpiýa medalyna örän buýsanýandygyny belledi.

Halkara Olimpiýa Komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan ýurdumyz Olimpiýa hereketini ösdürmäge mynasyp goşant goşýar. Şu ýylyň iýul-awgust aýlarynda türgenlerimiz sportuň birnäçe görnüşi boýunça Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna işjeň gatnaşdylar. Biziň agyr atletikaçy türgenimiz Polina Gurýewa bolsa bu Oýunlarda üstünlikli çykyş edip, kümüş medala mynasyp boldy we ýurdumyza uly abraý getirdi — diýip, türkmen Lideri: «Meniň geljegimiz bolan ýaşlara berjek nesihatym: sporty söýüň!

Sport güýç-gaýratdyr, gözellikdir, sagdynlyk we ruhubelentlikdir. Türkmen sportunyň beýik geljegi merdana ýaşlarymyzyň ynamly ellerindedir. Biz muňa çäksiz buýsanýarys» diýip, türkmen ýaşlaryna sporty we bedenterbiýäni hemişe özlerine hemra edinmelidiklerini nesihat etdi.


22.06.2026 17:52
4.9k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.4k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....