1-nji sentýabrda Italiýada 78-nji Wenesiýa film festiwaly öz işine başlady. Festiwal Pedro Almodowaryň “Parallel eneler” filmi bilen açyldy. Bu barada RIA Nowosti habar berdi.
Filmde baş keşpleriň birini belli aktrisa Penelope Kruz janlandyrdy. Bu film onuň režissýor bilen hyzmatdaşlykda düşüren sekizinji filmi boldy. Filmde wakalaryň merkezinde bir günde ene bolan iki sany zenan hereket edýär. Olaryň biri - Jenis - tanymal suratçy, beýlekisi Ana bolsa - kyn ýagdaýa düşen ýetginjek. Filmde olaryň ikisi-de göwreli bolýarlar hem-de enelik bilen bagly meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Iki sagatlap dowam edýän filmde eneleriň we çagalaryň durmuşyndan söz açylýar.
Festiwalyň Esasy bäsdeşliginde jemi 21 sany film orun aldy. Olaryň arasynda režissýor Denis Wilnewanyň Frank Gerbertiň ylmy-fantastiki romanynyň esasynda döreden "Dýuna" filmi, Mett Daýmonyň we Adam Draýweriň gatnaşmagynda Ridli Skottyň XIV asyryň ahyrynda fransuz rysarlary hakdaky "Iň soňky göreş" filmi hem bar. Şeýle hem festiwalda Kristen Stýuartyň gatnaşmagynda “Spenser: Şazada Diananyň syry” filmi, Benedikt Kamberbeçiň hem-de Kirsten Danstyň gatnaşmagynda bolsa “Itiň güýji” filmi görkeziler. Mundan başga-da, esasy bäsdeşlik programmasynda Paolo Sorrentinonyň baş rolda Toni Servillo bilen “Hudaýyň eli” atly awtobiografik filminiň hem görkezilmegine garaşylýar.
Gözden geçirilişiň emin agzalaryna "Parazitleriň" režissýory Pong Çung Ho başlyklyk eder. Wenesiýa film festiwaly 11-nji sentýabra çenli dowam eder.