2022-nji ýylda “Ýewrowideniýäni” geçirmäge Italiýanyň bäş şäheri dalaş edýär

  • 03.09.2021 07:32
  • 3.2k+

Italiýanyň bäş şäheri – Milan, Bolonýa, Pezaro, Rimini we Turin 2022-nji ýylda “Ýewrowideniýe” aýdym-saz bäsleşigini geçirmäge dalaş edýär. Bu barada Il Messaggero gazeti habar berdi diýip, www.silver.ru belleýär.

Çäräni geçirmäge gyzyklanma bildiren 17 şäheriň 11-siniň arza tabşyrandygy bellenilýär. Ýewropanyň gepleşik birleşiginiň we Italiýanyň RAI döwlet telewideniýesiniň wekilleriniň barlaglaryndan soň, alty şäheriň şol sanda Rimiň dalaşgärligi aýryldy.

Ýatlap geçsek, Italiýanyň Maneskin topary Zitti e Buoni aýdymy bilen Rotterdamda geçirilen “Ýewrowideniýe-2021” halkara bäsleşiginde 524 bal gazanyp, ýeňiji boldy. Italiýanyň bu ýeňşi “Ýewrowideniýäniň” taryhynda üçünji we 1990-njy ýyldan bäri ilkinji boldy. Ýerli KHBS-iň bellemegine görä, düzgün boýunça indiki ýyl Italiýada geçiriljek “Ýewrowideniýäniň” gaýdyp gelmegi  italiýalylaryň arasynda bäsleşigiň meşhurlygyny artdyrar.


06.02.2026 19:41
3.4k+

2026-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň türgenleri moda şowhunyny döretdiler

Halkara Olimpiýa komiteti Milandaky resmi myhman kabul ediş merkezi bolan «Clubhouse 26»-da «Olympic Winter Games Fashion Showcase» atly şowhunly moda çäresini geçirdi. Guramaçylyk komitetiniň saýtynda berilýän maglumata görä, bu çäre dünýäniň moda paýtagtynyň merkezinde gyşky sport stiliniň iň täsirli pursatlaryny bir ýere jemledi...

19.05.2025 22:42
5k+

Loro Piana Mongoliýada ekologik başlangyç işe girizer

«Loro Piana» italýan brendi Mongoliýada ekologik başlangyç işe girizer. «Resilient Threads» atly taslama howanyň üýtgemeginden zyýan çeken Suhe-Bator welaýatyndaky bäş etrabyň daşky gurşawyny goramaga gönükdiriler...

06.04.2025 21:08
2.8k+

Louis Vuitton abatlaýyş işlerinden soň Milandaky esasy dükanyny açýar

Louis Vuitton abatlaýyş işlerinden Milanda (Italiýa) ýerleşýän flagman butigini açýar. Brend şähere, onuň dizaýn taryhyna we Lombardiýa sebitiniň arhitekturasyna hormat goýýar diýip, «WWD» habar berýär. Neoklassyky...

14.03.2025 06:00
5.5k+

Zaha Hadidiň binagärlik edarasy Neapolda Wezuwiýe meňzeş diňleri gurar

Ady rowaýata öwrülen Zaha Hadid tarapyndan esaslandyrylan Zaha Hadid Architects (ZHA) binagärlik edarasy Neapolyň gündogar çetinde gurmak üçin jübüt binanyň taslamasyny hödürledi. Polatdan we betondan gurulmaly...