31-nji awgustda — Bilimler we talyp ýaşlar gününiň öň ýanynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap obasynda gurlan orta mekdebe Annak Sähetmyradowyň adyny dakmak hakynda karary kabul etdi.
Öz Watanyna we halkyna wepaly hyzmat etmegiň ajaýyp nusgasyny görkezen mugallym, okuw-terbiýeçilik işiniň işjeň guramaçysy, ähli bilimini we tejribesini ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine ýaş nesle döwrebap bilim hem-de terbiýe bermäge bagyşlan, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda söweş meýdanlarynda gaýduwsyzlyk görkezen watançy esger Annak Sähetmyradowyň zähmet we durmuş ýoly şu günki türkmen ýaşlary üçin uly görelde mekdebi bolup hyzmat edýär.
Şoňa görä-de, bilim ulgamynda bitiren hyzmatlaryny, şeýle-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap obasynyň ýaşaýjylarynyň, Gökdepe etrabynyň we Ahal welaýatynyň häkimlikleriniň haýyşlaryny hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap obasynda gurlan orta mekdebe Annak Sähetmyradowyň adyny dakmak we ony «Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Annak Sähetmyradow adyndaky ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebi» diýip atlandyrmak hakynda degişli karary kabul etdi.