Harby gullukçylara nobatdaky harby atlar dakyldy

  • 01.09.2021 11:52
  • 16k+

Türkmenistanyň Prezidenti döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli harby ýörişi guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça 31-nji awgustda geçiren iş maslahatynyň dowamynda harby gullukçylara nobatdaky harby atlary dakmak hakyndaky Permana gol çekdi.

Şeýle hem türkmen Lideriniň gol çeken Karary bilen, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň döşe dakylýan nyşany hakynda Düzgünnama, döşe dakylýan nyşanyň ýazgysy we nusgasy tassyklanyldy.

Degişli resminama laýyklykda, podpolkownik Röwşen Amanmämmedowiç Aýazowa, podpolkownik Didar Mälikberdiýewiç Ataýewe, podpolkownik Şawkatjan Ýakubowiç Atakulyýewe, podpolkownik Saparmyrat Annamyradowiç Tüýliýewe polkownik harby ady dakyldy.


düýn 22:10
2.3k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

düýn 21:13
2.6k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

düýn 15:47
7.5k+

Türkmenistanda howa ýagyşly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

düýn 12:26
749

Türkmenistanyň wekiliýeti Bonndaky klimat maslahatyna gatnaşýar

Daşary gurşawy goramak ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasynyň kömekçi düzümleriniň 64-nji mejlisine (UNFCCC SB64)......