Türkmenistanda wagtlaýyn çeýe iş tertibi giriziler. Onuň tertibi nähili?

  • 31.08.2021 20:51
  • 43k+

31-nji awgustda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi dünýäde dowam edýän epidemiologik ýagdaýlary göz öňünde tutup, möwsümleýin ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, ýurduň ähli edaradyr guramalaryna wagtlaýynça çeýe tertipde iş alyp barmagy maslahat berdi. Bu maslahatlar eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan, ähli edaralara degişlidir. Ministrligiň degişli resminamasy şu gün Türkmenistanyň ähli ministrliklerine, pudak edaralaryna hem-de welaýatlara ugradyldy.

Türkmenistanyň Kesellere garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň 29-njy awgustda geçirilen mejlisiniň dowamynda kabul edilen çözgütleri ýerine ýetirmek maksady bilen işlenip düzülen resminama laýyklykda, guramalarda adamlaryň köpçülikleýin üýşmegini azaltmak maksady bilen, adam sany 100-den az bolan edaralarda işgärleriň iş wagtyny iki görnüşde — bir bölegini irden 08:00-dan 17:00-a hem-de irden 09:00-dan 18:00-a çenli guramak bellenildi diýip, ORIENT habar berýär.

Işgär sany 100-den köp bolan edara-kärhanalarda bolsa işgärleriň 30 göteriminiň irden 08:00-dan öýlän 17:00-a çenli, 40 göteriminiň 09:00-dan 18:00-a çenli, galan 30 göteriminiň hem irden sagat 10:00-dan agşam 19:00-a çenli işe gelmegini üpjün etmek maslahat berilýär.

Täze wagtlaýyn iş tertibi zähmetiň eýeçiliginiň görnüşine baglylykda, iş beriji tarapyndan üýtgedilip hem bilner. Resminamada görkezilen iş tertibi iş hepdesi 40 sagat bolan hem-de günde 8 sagat işleýän işgärlere degişlidir.

Iş meýilnamasyna üýtgetmeler girizmezden ozal, guramalaryň ýolbaşçylary işgärleriniň pikirini göz öňünde tutmaly we kärdeşler arkalaşygy guramasy bilen gutarnykly karara gelmelidir.


düýn 11:16
1.3k+

Aşgabatda Ýewropa güni medeni-bilim festiwaly bilen bellenildi

Aşgabat şäheriniň «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde Ýewropa gününe bagyşlanan «Ýewropa syýahaty» atly festiwal geçirildi. Bu medeni-bilim çäresi Ýewropa ýurtlarynyň däp-dessurlaryny bir ýere jemläp, paýtagtyň......

01.06.2026 16:11
1.7k+

15 sany çeper elli zenana «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy

Aşgabatda bellenilip geçilen Türkmen halysynyň baýramynyň çäklerinde halyçylyk pudagynyň işgärlerini we çeper elli zenanlaryny sarpalamak dabarasy boldy....

01.06.2026 14:36
2.8k+

Şu gün dünýäde we Türkmenistanda Çagalary goramagyň halkara güni bellenilýär

Tomsuň ilkinji güni bolan 1-nji iýunda dünýäniň köp ýurtlarynda parahatçylygyň, ýagşylygyň we ýylgyryşyň baýramy bolan Çagalary goramagyň halkara güni bellenilýär....

01.06.2026 14:04
2.7k+

«Türkmenhaly» halyçylyk senediniň ösüşindäki goşandy üçin TÜRKSOÝ-yň diplomyny aldy

Türkmen halysynyň baýramynyň çäklerinde «Türkmenhaly» döwlet birleşigi türki dünýäde halyçylyk senedini ösdürmäge goşan uly goşandy üçin Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) ýörite diplomyna mynasyp......