Werstappen Belgiýanyň ýagyş sebäpli ýatyrylan Gran-prisinde ýeňiji boldy

  • 31.08.2021 09:08
  • 3.6k+

Red Bull toparynyň niderlandly sürüjisi Maks Werstappen Formula-1 ulag klasyndaky awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň on ikinji tapgyry bolan Belgiýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy. Ýaryş Belgiýanyň Spa şäherindäki “Spa-Frankorşam” awtodromynda geçirildi.

Ilkibaşda ýaryşyň başlanjak wagty ýekşenbe güni 18:00-a meýilleşdirildi, ýöne ýagyş sebäpli ýaryş yza süýşürildi. Soňrak ýaryşa gatnaşyjylar ýaryşy ikinji gezek başlamaga synanyşdylar, olar üç aýlaw geçdiler, bu hem ýaryşy geçirildi diýip hasap etmäge mümkinçilik berdi. Şondan soň howa şertleriniň ýaryşy dowam etdirmäge ýol bermejekdigi barada gutarnykly netijä gelindi.

Geçilen aralykdan soň “Red Bulluň” niderlandly sürüjisi Maks Werstappen ýeňiji diýlip yglan edildi, ikinji orny “Uilýams” toparyndan britaniýaly Jorj Rassell, üçünji orny “Mersedesden” watandaşy Lýuis Hemilton eýeledi. Rassel münbere ilkinji gezek çykdy.

Çempionatyň indiki tapgyry 3-nji sentýabrdan 5-nji sentýabr aralygynda Niderlandlarda geçiriler.


düýn 07:51
3.6k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
2k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....