2021-nji ýylyň ikinji çärýeginde Apple Watch Series 6 dünýäde iň meşhur akylly sagat boldy

  • 31.08.2021 09:20
  • 4.2k+

Bütin dünýäde akylly sagatlaryň üpjünçiliginiň pandemiýadan ozalky döwre seredeniňde 47% ýokarlanandygy ýüze çykaryldy. Şeýle-de, bu bazaryň öňdebaryjysy hem mälim edildi diýip, ferra.ru habar berdi.

2021-nji ýylyň ikinji çärýegindäki maglumatlara görä, dünýäde iň meşhur akylly sagat modeli Apple Watch Series 6 boldy.
Degişli döwür içinde dünýäde jemi 18 million sany akylly sagat ugradyldy. Şeýlelik bilen, “Apple Watch” dünýä bazarynyň 52%-ini eýeledi, ýagny bütin dünýäde, takmynan, 9,5 million “Apple” sagady iberildi.

Ýatlap geçsek, “Apple Watch Series 6” sagatlary geçen ýylyň sentýabr aýynda köpçülige tanyşdyrylypdy. Ol täze S6 çipi, has görnükli Always-On Display režimi we gandaky kislorodyň derejesini ölçeýji guraly bilen aýratyn tapawutlanýar.
Şeýle hem analitikler dünýä bazarynda “Samsung”-yň bary-ýogy 10 göterim paýynyň bardygyny bellediler.


19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....