Hytaýda aşa köp işlemek resmi taýdan gadagan ediler

  • 31.08.2021 09:14
  • 7.5k+

Hytaýda aşa köp işlemegiň ýakyn geljekde resmi taýdan gadagan edilmegine garaşylýar. Bu barada Hytaýyň Ýokary Kazyýetiniň Kararyna salgylanyp, ferra.ru habar berýär.

Hytaýda uzak wagtlardan bäri "996" zähmet düzgüni hereket edip gelýär. Ol hepdede 6 gün irden 9-dan agşam 9-a çenli işlemegi aňladýar. Hytaýly telekeçileriň köpüsi entegem şu düzgüne eýerýärler. Emma Hytaý Halk Respublikasynyň kanunlaryny bozýan yzygiderli artykmaç işlemek bilen baglanyşykly dawa-jenjellerden soň ýurtda bu zähmet düzgüni tankytlanyp başlandy.

Çeşmäniň habaryna görä, Hytaýyň Ýokary kazyýeti "996" zähmet medeniýetini resmi taýdan ýazgardy. "Soňky döwürde jemgyýet käbir pudaklarda çenden aşa artyk işlenilmegine aýratyn üns berdi" diýlip, Kazyýetiň kararynda aýdylýar. Kararyň başga bir ýerinde bolsa: "Iş berijiler iş wagtynyň milli ulgamyna boýun bolmaly" -diýlip, beýan edilýär.

Şeýlelikde, bu Kararyň ýakyn wagtlarda güýje girmegine garaşylýar. Ýöne munuň haçan boljakdygy we ony ýerine ýetirmeýänlere nähili çäreleriň görüljekdigi häzirlikçe nämälim bolmagynda galýar.


18.06.2026 11:17
4.9k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.4k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.5k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
10k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....