Dacia Sandero iýul aýynda Ýewropada iň köp satylan awtomobil boldy

  • 31.08.2021 09:01
  • 4.1k+

Şu ýylyň iýul aýynda Dacia Sandero ykjam hetçbegi 2008-nji ýylda satylyp başlanandan bäri ilkinji gezek Ýewropa bazarynda iň köp satylýan model boldy. JATO Dynamics gözleg kompaniýasynda bellenilişi ýaly, Dacia Sandero-nyň täze nesliniň çykmagy bilen bu hetçbek Germaniýada (+15%), Rumyniýada (+24%) hyrydarlygyň iň ýokary ösüşini görkezip, Fransiýada we Ispaniýada satuw reýtinglerinde birinji orny eýeledi. Bu barada autostat.ru habar berýär.

JATO Dynamics-iň maglumatlary boýunça, geçen aý Ýewropada iň köp satylýan model 20446 awtomobil (+6%) görkezijisi bilen Dacia Sandero hetçbegi boldy. Satuw möçberi 19425 birlik (-37%) bolan Volkswagen Golf ikinji orna düşdi. Üçünji orny Toyota Yaris eýeledi – bu modeliň satuwy 3% ýokarlanyp, 18858 awtomobile ýetdi.

Onuň yzyndan 17343 alyjy tarapyndan satyn alnan (-8%) Volkswagen Polo gelýär. Liderleriň bäşligini 16496 nusga (-17%) bilen ýaýran Volkswagen T-Roc krossoweri jemleýär. 

Şeýle-de, Ýewropada iň köp satylýan modelleriň onlugyna Hyundai Tucson (14883 birlik, +39%), Volkswagen T-Cross (14170, +12%), Dacia Duster (13329, -19%), Fiat Puma (13283, +2%) we Peugeot 2008 (13134, -34%) girdi.

Iýul Ýewropa ýurtlarynyň köpüsi üçin agyr aý boldy. Täze awtomobilleriň satuwy Germaniýada 25%, Fransiýada 35%, Italiýada 19%, Beýik Britaniýada we Ispaniýada 30% pese gaçdy. Umuman, iýul aýynda Ýewropa bazary 24% pese gaçdy we jemi 967 830 awtomobil satyldy. 2021-nji ýylyň ilkinji ýedi aýynyň jemi boýunça Ýewropa bazary 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 17% ösdi.


24.05.2025 13:08
10k+

Ýewropada täze Lexus ES hödürlendi

Ýewropada sekizinji nesil Lexus ES ulagynyň premýerasy boldy. Täze wersiýa ozal Demirgazyk Amerikada hödürlenen modelden tapawutlanýar. Ýewropa bazary üçin niýetlenen model gibrid we doly elektrik görnüşlerde elýeterli bolar...

21.05.2025 15:49
6.4k+

Hyundai Ýewropada IONIQ 6-nyň bahalaryny döwdi. Ol ykjam hetçbeklerden arzan boldy

Hyundai IONIQ 6 elektrik sedanynyň Ýewropadaky bahasyny ep-esli arzanlatdy. Light-yň esasy komplektasiýadaky modeli indi maliýeleşdirilen ýagdaýynda 27 310 ýewro durýar. Bu öňküsinden 21 490 ýewro arzan we adaty benzinli C derejeli hetçbekleriň bahasyna laýyk gelýär...

01.05.2025 13:01
2.8k+

Opel "Corsa" modeliniň millionynjy nusgasyny çykardy

Opel häzirki nesil «Corsa» modeliniň millionynjy nusgasynyň çykarylyşyny dabaraly ýagdaýda belledi. Metbugat beýannamasyna görä, dabaraly çäreler kompaniýanyň Rýusselshaým şäherindäki (Germaniýa) baş edarasynda we awtoulagyň ýygnalýan ýeri bolan Saragosa şäherindäki (Ispaniýa) zawodda geçirildi...

30.04.2025 11:10
1.9k+

Volkswagen ýewropa bazarynda elektromobil satuwy boýunça Tesla-dan geçdi

JATO Dynamics-iň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde Volkswagen Tesla-dan öňe geçip, Ýewropa Bileleşiginiň çäginde iň meşhur elektromobil brendi boldy diýip, «Business Insider» neşiri habar berýär...