Missisipi derýasy “Ida” tupany sebäpli akym ugruny üýtgetdi

  • 30.08.2021 20:18
  • 13k+

ABŞ-nyň günortasyndaky Missisipi derýasynyň akymy “Ida” tupany sebäpli ugruny üýtgetdi. Bu barada Geologiýa gullugyna salgylanyp, CNN teleýaýlymy habar berýär. Muny REGNUM habarlar agentligi ýetirýär.

Dördünji derejeli tupan ABŞ-nyň Gündogar kenarynyň wagty boýunça günortandan soň Luiziana ştatynda Meksika aýlagynyň kenarynda boldy. Bu hadysa köp mukdarda deňiz suwunyň çykmagy bilen utgaşdy, netijede Missisipiniň derejesi azyndan 2,1 m ýokary galdy. Güýçli ýel ştatyň günorta-gündogarynda derýa akymynyň ugruny üýtgetmegine sebäp boldy. Ştatyň iň uly şäheri bolan Täze Orleanyň töwereginde derýanyň, takmynan, 1,5 m/s tizlik bilen tersine akandygy bellenilýär. 

Amerikan telekompaniýalarynyň görkezýän kadrlaryna görä, “Ida” tupany eýýäm birnäçe weýrançylyga getirdi. Güýçli ýel agaçlary düýbünden goparýar, jaýlaryň üçegini aýyrýar, elektrik geçiriji simleri üzýär. Soňky maglumatlar boýunça, Luizianada 450 müň töweregi sarp ediji elektrik energiýasyz galdy. 

Tupanyň çägindäki ýeliň tizligi 58 m/s-e ýetýär, ol sagatda 16 km tizlik bilen demirgazyk-günbatara tarap hereket edýär. Pida bolanlar ýa-da zyýan çekenler barada heniz maglumat ýok.

Luiziana ştaty we onuň iň gür ilatly şäheri Täze Orlean 2005-nji ýylyň awgustynda ABŞ-nyň günorta-gündogarynda “Katrina” tupany bolanda hem şeýle weýrançylygy başdan geçiripdi. Resmi maglumatlara görä, tebigy betbagtçylyk sebäpli 1,8 müňden gowrak adam ýogaldy. Şonda iň uly zyýan Täze Orleana ýetdi, şäher meýdanynyň, takmynan, 80%-i suw astynda galdy. 


düýn 20:17
3.5k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

19.06.2026 10:08
3.5k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

24.04.2026 18:54
10k+

ABŞ-nyň merkezi ştatlarynda tüweleý zarbasy: tupan 17 gezek gaýtalandy

23-nji aprelde ABŞ-nyň Beýik düzlüklerinde — Tehasdan başlap, Beýik köller sebitine çenli aralykda 17 sany tüweleý zarbasy bolup geçdi. Iň güýçli zarba Oklahoma ştatynyň demirgazyk-günbatar bölegine degdi....

16.04.2026 14:05
9.1k+

ABŞ-da güýçli siklon: tornado bilen doly 130 million adama zyýan ýetirdi

ABŞ-nyň Tehas ştatyndan Nýu-Ýorka çenli bolan çäklerinde tornado, doly we çabga ýagyşlaryna sebäp bolan güýçli siklon boldy. FOX Weather gullugynyň maglumatlaryna görä, tebigy harasat 130 million ýaşaýja täsir......